Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1666615
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Jazeera: Ýapylan ýollar we ýanan tekerler... Liwanda erbetleşen ýaşaýyş standartlaryna garşy protestler dowam edýär. 

Al-Kudus Al-Arabi: (Kovid-19): ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy: "Resmi Waşington BAE-ne syýahat etmezligi maslahat berýär" diýip habar berdi. 

Al-Kudus Al-Arabi: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ýakyn wagtda Ysraýylyň täze Premýer ministri Naftali Bennetti kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny mälim etdi. 

Al-Dustour (Iordaniýa): Hindistandaky koronawirus epidemiýasynyň täze Delta görnüşi, çäklendirmeleriň ortadan aýrylmagyna päsgel berýär we dünýäni ýaňadandan ýapmaga iterýär. 

Le Monde: Euro 2021: Gowy oýun görkezen Fransiýanyň milli futbol ýygyndysy, çempionatyň soňky 16-lyk tapgyrynda Şweýsariýanyň ýygyndysyndan ýeňildi. 

Le Figaro: Onlaýn ýagdaýda işgär işletdirmek kärhanalary maýyl edýär. 

France 24: Kovid-19. Delta görnüşi: Serhetleriň dolanşygy meselesi ýewropalylary 2-ä böldi.

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada täze ýokanlarda koronawirusyň Delta görnüşiniň paýy 35 göterim. 

Deutsche Welle: Germaniýanyň hökümedi geçen hepdäniň anna güni harbylarynyň nyşana alynyp guralan kamikaze hüjümine garamazdan, Mali missiýasyny dowam etdirmekde tutanýerli. 

Zeit.online: NATO we Ukraina Russiýa garamazdan Gara deňizde ägirt uly harby türgenleşik başlatdy. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada awtonom dolanşyklar Delta görnüşiniň howpy we soňky wagtlarda artan wakalar sebäpli ýaşlarada sanjym edilmegini çaltlandyrdy. 

El Mundo (Ispaniýa): Geçirilen 2 aýry derňewe görä, tapawutly 2 aýry doza sanjym etdirmek we sanjymlaryň spektrlarynyň giňligi Kowid-19-a garşy has täsirli. 

El Nasional (Wenesuela): Çilide Delta görnüşi bilen bagly howsala: Ýurtda koronawirusyň Delta görnüşine ýoluganlaryň sany 2 adama ýetdi.

RBK: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin: "Iň täze howa goranyş ulgamlary S-500 Prometheus, materikara ballistik raketalar bolan Sarmat we gipersesli raketa Zirkon ýakyn wagtda Russiýanyň goşunyna gowşurylar" diýip habar berdi. 

Kommersant: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Waşingtonyň umumy meselelerde Moskwa bilen hyzmatdaşlygyň edilmegine ynanýar, mysal üçin ýadro ýaraglaryň ýaýradylmagynyň öňüniň alynmagy we klimat çalşygy ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlyk edilip biliner. 

Interfaks: Russiýa degişli gämiler we howa güýçler Ortaýer deňizinde harby manýowrlar ýerine ýetirdiler. 


Etiketkalar: #dünýä , #habar , #metbugat

Degişli Habarlar