Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1666075
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Soir: EURO 2020 çempionatynyň soňky 16-lyk tapgyrynda Belgiýa, kynçylyk çeksede soňky çempion bolan Portugaliýanyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňip, çärýek finala adyny ýazdyrdy. Belgiýanyň ýygyndysy çärýek finalda Italiýanyň ýygyndysy bilen oýnar. 

Le Monde: Liwanyň milli pul birliginiň rekord derejede hümmedi gaçdy, ýurdyň iki uly şäherinde çaknyşyklar boldy. 

Le Figaro: Beýik Britaniýada köçeleriň birinde Goranmak ministrligine degişli gizlin resminamalar tapyldy. 

Al-Kudus Al-Arabi: Yragyň paýtagty Bagdat şäherinde Premýer ministri Mustafa Al-Kazymi, Müsüriň Prezidenti Abdülfettah As-Sisi we Iordaniýanyň Şasy Abdullahyň arasynda syýasy, howpsuzlyk we ykdysady ugurlar boýunça gepleşikler geçirildi. 

Al-Dustour (Iordaniýa): Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli çekilen adam pidasy 4 milliona golaýlady. 

Al Jazeera: ABŞ-nyň Goranmak ministrligi (Pentagon): "ABŞ Siriýada 2, Yrakda 1 sebitde Eýran tarapyndan goldanýan ýargly toparlara degişli desgalara howa hüjümini gurady" diýip habar berdi. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada oppozisioner Halk partiýasy (Partido Popular), Kataloniýa tapgyryndaky tussaglylara berilen bölükleýin günä geçişlikden soň, agza sany taýdan köplüge eýe bolan Hasap kazyýeti edarasynda geçirilmegi meýilleşdirilen üýtgeşmeler bilen bagly gepleşiklerden ýüz öwürýär. 

El Mundo (Ispaniýa): Madritdäki iň uly hassahanalaryň biri bolan Zendal hassahanasy 27-nji iýundan başlap 40 ýaşdan ýokary bolan adamlara 24 sagadyň dowamynda Kowid-19 sanjym programmasyny başlatdy. 

TeleSur: Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro we Wenesuelanyň Birleşen Sosialist partiýasynyň Birinji orunbasary Diosdado Kabello, 8-nji awgustdaky deslapky saýlawlar üçin dalaşgär hödürlemek we dalaşgär saýlamak tapgyryny üstünlikli hökmünde häsýetlendirdiler. 

Tagesschau.de: Germaniýanyň Bawariýa welaýaty, koronawirus epidemiýasynyň Delta görnüşiniň Ýewropada çalt depginler bilen ýaýramagyndan soň, serhetdäki saglyk gözegçiliklerini ýygjamlaşdyrmak isleýär. 

Süddeutsche Zeitung: Germaniýanyň Wýursburg şäherindäki hüjümde ýogalan adamlar üçin hatyralama çäresi geçirildi. 

Frankfurter Allgemeine: Lýuksemburg döwletiniň Premýer ministri Ksawýe Betteliň Ýewropa Bileleşigi maslahatyndan soň Kowid-19 testi položitel çykdy. 

Izwestiýa: Ukrainanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Taras Wysotskiý: "Ruslaryň Ukrainada ýer satyn almak işlerine gözegçilik ediler we ýerleri yzyna alynar" diýip habar berdi. 

RT: ABŞ-nyň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherindäki ilçihanasy, işgär ýetmezçiligi sebäpli 1-nji awgustandan başlap hyzmat bermez. 

Ria Nowosti: Russiýa Kowid-19 epidemiýasy sebäpli togatdylan Belgiýa, Bolgariýa, Iordaniýa, Irlandiýa, Italiýa, Kipr, Demirgazyk Makedoniýa bilen ABŞ dowamly uçar saparlaryny ýaňadandan başlatdy. 


Etiketkalar: #dünýä , #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar