Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1663859
Daşary ýurt metbugatyna syn

La Jornada (Meksika): Dünýä ABŞ-na garşy ses berdi. BMG-nyň 183 agza ýurdy ABŞ-nyň Kuba garşy goýan embargosynyň aýrylmagy üçin ses berdi. 

El Pais (Ispaniýa): McAfee Antiwirus kärhanasynyň esaslandyryjysy John McAfee, Barselonada saklanýan tussaghana otagynda öz janyna kast etdi. 

La Tersera (Çili): Koronawirusyň Delta Plus görnüşi: Alymlar, Hindistanda hasaba alynan koronawirusyň bu görnüşiniň has howply we ýokançdygyny bellediler. 

Handelsblatt.com: ÝB Liderler maslahaty: Türkiýä golaýlaşmak Germaniýanyň ykdysadyýetine uly mümkinçilikler hödürläp biler. 

t-online.de: Germaniýanyň ilatynda 9 ýyllyk arakesmeden soň ilkinji gezek peseliş hasaba alyndy. 

tagesschau.de: Saud Arabystanynyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda öldürilen oppozisioner žurnalist Jemal Kaşykçynyň ganhorlarynyň 4-siniň ozal ABŞ-da harby tälim alandygy öňe sürüldi. 

Aljazeera: Liwiýa temaly 2-nji Berlin konferensiýasy tamam boldy. Ýurtdaky hakyna tutma esgerleriň ülkeden çykarylmagy karara gelindi we Liwiýada saýlawlaryň wagtynda geçirilmegi barada karar kabul edildi.  

Alraýa: Katar, Aziýada Ynam artdyryjy komitediniň maslahatyna gatnaşýar. 

Alkuds Alarabi: BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş: "Ýurduň daşyndan Siriýa kömek berilmezligi elhenç bolar" diýip habar berdi.

Le Parisien: Fransiýada Kowid-19 sebäpli berilýän döwlet goldawlary bes edildi, erkin işleýänlar uly aladaň içinde. 

Le Monde: Fransiýanyň senady, harby býujetiň gözden geçirilmegi babatynda hökümede bolan ynamyny täzelemegi ret etdi. 

Le Figaro: Fransiýanyň Premýer ministri Žan Kasteks we Saglygy goraýyş ministri Oliwer Weran, Kowid-19 sebäpli saglyk ýagdaýyň erbetleşýän Landes sebitinde saparda bolýarlar. 

Izwestiýa: Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Gara deňizde serhet giňişligini bozanlygy üçin duýduryş berip od açmaga mejbur galynan esmines gämisi babatynda Beýik Britaniýany ýazgardy. 

Lenta.ru: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, ilkinji gezek çagalaryň koronawirusa garşy sanjym etdirip biljekdigini kabul etdi. 

TASS: Russiýada koronawirus wakasynyň iň köp hasaba alynan paýtagt Moskwa şäherinde mejbury sanjym programmasynyň düzümine kurýerler hem alyndy. 


Etiketkalar: #gazet , #metbugat , #habar , #koronawirus

Degişli Habarlar