Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1663135
Daşary ýurt metbugatyna syn

France 24: Fransiýada Prezident saýlawy 2022-nji ýylyň 10-njy we 24-nji aprelinde geçiriler. 

Le Monde: Dünýäde Kowid-19: Italiýa maskalary aýyrar, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy EURO 2020 mynasybetli öňüni alyş çäreleriň gowşadylmagyna alada bildirýär. 

Le Soir: Belgiýada koronawirus sanjymyny ret eden Walloniýalylaryň şu aýyň ahyryndan başlap 2-nji mümkinçilikleri bolar. 

Stern.de: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel 2-nji doza koronawirus sanjymyny etdirdi. 

travelnews.ch (Şweýsariýa): Türkiýe syýahatçylyk möwsüminiň möhledini uzatmagy meýilleşdirýär. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Sosial demokrat partiýa mekdeplerde daşary ýurt dilleri hökmünde türk we grek dillerini hem talap edýär. 

Aldustour: Jöhit ýaşaýjylar Aksa metjidine zor bilen girdiler, Iýerusalimde we Günbatar Şeriada tussag edilmeler boldy. 

Aljazeera: Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Rasist wirus koronawirusdan has howply, media we adam hukuklary guramalary musulmanlara garşy hüjümleri görmediksireýärler" diýip belledi. 

Alkudus Alarabi: ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň Patriot ulgamlaryny yza çekmegi, Ýakyn gündogar ýurtlaryny Russiýanyň S-400 ýa-da Hytaýyň X-Qiu-9 ulgamlaryna tarap iterip biler. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýanyň hökümeti, täze bir dialog döwrüni başlatmak üçin Kataloniýa tapgyrynyň tussaglylary üçin çäkli we şertli ýagdaýda günä geçişlik edilmegini tassyklady.  

Infobae (Argentina): ABŞ Nikaraguanyň Döwlet baştutany Daniel Orteganyň ýolbaşçylygyndaky hökümede garşy basyşy artdyrmak üçin täze kanun çykarmaga taýarlanýar. 

Telesur (Wenesuela): Russiýanyň we Wenesuelanyň Daşary işler ministrleri strategik gatnaşyklaryny tassykladylar.

TASS: Russiýanyň Waşington şäherindäki ilçihanasy, ABŞ-na we hyzmatdaşlaryna Gara deňizde "Sea Breeze-2021" atly harby türgenleşigi geçirmezlik barada çagyryş berdi.  

RIA Nowosti: Germaniýanyň Federal mejlisi Bundestagda çepçi partiýanyň deputaty Sewim Dagdelen, nd.DerTag gazedine ýazan makalasynda, goranyş harajataryny artdyran Berliniň hökümediniň Russiýa bilen söweşe taýarlanýandygyny mälim etdi. 

Gazeta.ru: Türkiýe bilen uçar saparlarynyň ýaňadandan başlajakdygy barada beýanat berilmeginden soň, Russiýada Türkiýe turlarynyň bahasy 2 esse diýen ýaly gymmatlady. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä , #habar

Degişli Habarlar