Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1661791
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, Türkiýe bilen täze bir bosgun ylalaşygynyň baglaşylmagynyň tarapdarydygyny beýan etdi. 

Bild.de: Täze koronawirus derňewi, PCR testleriniň syýasy öňüni alyş üçin bir esas kabul edilmejekdigini orta goýdy. Duýsburg/Essen uniwersitetleriniň geçiren derňew işleriniň netijesinde her položitel wakanyň wirusy ýaýradýandygy baradaky öňe sürmäni tassyklap bilmedi. 

Spiegel.de: Beýik Britaniýanyň ÝB-niň düzüminden çykmagy bilen birlikde bu ýurtda ýaşaýan ÝB raýatlary, Britaniýada ýaşaýyş rugsatnamasyny alyp bilmek üçin çäre gözleýärler. 

Al-Watan (Katar): Liwanyň Prezidenti Mişel Awn, Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrelli kabul etdi. 

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Arap Bileleşigi koronawirus epidemiýasynyň bosgunlaryň arasynda ýaýramagynyň öňüni almak üçin tagallalaryň artdyrylmagy barada çagyryş berdi.    

Al-Watan (Oman): Arap ýurtlarynyň Maglumatlar ministrleri Müsüriň paýtagty Kair şäherinde maslahat geçirýärler. 

Le Monde: Fransiýada 2021-nji ýyl sebitleýin saýlawlar: Ilkinji tapgyryň netijeleri, Emmanuel Makronyň we Marin Le Peniň prezidentlik strategiýalaryny gowşatdy. 

Le Figaro: Fransiýanyň Bordo şäherinde 2 sany bina çökdi. Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýaralandy. 

Le Parisien: Kovid-19: Şu gün Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, diskotekalaryň ýaňadandan açylmagy babatynda maslahat geçirer. 

Ria Nowosti: Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitri Kuleba, Russiýa Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary Baýraktar bilen hemle atdy.  

Izwestiýa: Ak tamyň Milli howpsuzlyk maslahatçysy Jek Salliwan, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň tussaglygy sebäpli Russiýa garşy girizilen täze sanksiýalar tapgyryny aýan etdi. 

Gazeta.ru: Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitri Kuleba, Anadoly habarlar agentligine beren beýanatynda, NATO-nyň 2008-nji ýyldan bäri Ukrainanyň NATO agza bolup bilmegi üçin hiç zat etmändigini habar berdi. 

Infobae (Argentina): Kuba "Soberana 02" atly sanjymyň deslapky derňewlerinde Kowid-19-a garşy 62 göterim täsirlidigini aýan etdi. 

Telesur (Wenesuela): Eýran, Giňişleýin bilelikdäki hereket meýilnamasyny ýaňadandan durmuşa geçirmek üçin gerek bolan resminamalara eýedigini öňe sürdi. 

El Uniwersal (Meksika): ABŞ Meksika we Kanada serhetlerindäki çäklendirmeleriň möhletini 21-nji iýula çenli uzatdy. 



Degişli Habarlar