Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1658186
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar: "Türk harbylar Liwiýada daşary ýurtly güýçler däldir" diýip belledi. 

Ýeni Haýat (Palestina-Günbatar Şeria):  Onlarça türk we palestinaly NATO-nyň Liderler maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherine baran Prezident Rejep Taýýip Erdogany garşylady. 

Al-Watan (Oman): Ysraýyl Netanýahu döwrüni ýapyp, täze hökümete baştutanlyk etjek Naftali Bennett bilen täze bir sahypa açdy. 

La Razon (Ispaniýa): Ispaniýa 2022-nji ýyldaky NATO-nyň Liderler maslahatyna ýer eýeçiligini eder. 

El Uniwersal (Meksika): ABŞ-nyň hökümedi bosgunlaryň iş rugsatlaryny giňelder. 

El Komersio (Peru): Perudaky saýlawlardan 1 hepde soň ýurdyň paýtagty Lima şäheriniň köçelerinde polýarizasiýa äşgär boldy. 

Deutsche Welle: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden: "Erdogan bilen oňyn we netijeli gepleşikler geçirdik" diýip habar berdi. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde duşuşyk geçirdiler. 

Le Parisien: (Fransiýada sekulýarizm) Sentýabrda mekdepleriň açylmagyndan başlap, ähli mugallymlar bilen bagly formirleme meýilnamasy düzüldi. 

Le Figaro: Kanadalylaryň aglabasy koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan sanjymlaryň beýleki ýurtlar bilen paýlaşylmagynyň tarapdary däl. 

Le Monde: Kowid-19: Fransiýada ýetginjeklere sanjym edilmek tapgyry şu gün kesgitlenen şertler bilen başlandy. 

TASS: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ABŞ bilen zamun çalşygyny maslahatlaşmaga taýardyklaryny mälim etdi. 

Kommersant: Daniýa Russiýa Federasiýasynyň uçarlarynyň howa giňişligini bozmaklary sebäpli Russiýanyň Daniýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini Daşary işler ministrligine çagyrdy. 

Lenta.ru: Germaniýada Waldemar Gerdt atly deputat Kiýewiň Krymy "Demirgazyk-Akym-2" taslamasy bilen çalyşmak baradaky teklibiň biderekdigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar