Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1657309
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Saud Arabystany şu ýyl diňe öz raýatlaryna we ýurdyň içinde ýaşaýanlara haj parzyny berjaý etmäge rugsat berer. 

Ýeni Haýat (Palestina: Günbatar Şeria): Palestinanyň Premýer ministri Muhammed Iştiýýe, Gazanyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin Bütindünýä bankyndan täze wekiliýeti kabul etdi. 

Al-Watan (Oman): Oman Şalygy, Fransiýa bilen harby hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdy. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Rim papasy Fransisk, Ortaýer deňizini Ýewropanyň iň uly gonamçylygy hökmünde häsýetlendirdi. 

dpa: Beýik Britaniýanyň Şa zenany, II Ýelizaweta, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeni we aýaly Jill Baýdeni kabul etdi. 

Tagesspiegel.de: Binýamin Netanýahu döwri häzirlikçe tamamlandy-Ysraýylda taryhy hökümet üýtgemesi. 

Le Parisien: 12 ýyl hökümediň başynda galanyndan soň, Netanýahu indi Ysraýylyň Premýer ministri däl. 

Le Monde: Fransiýanyň Baş ştabynyň başlygy general Lekointre wezipesinden çekildi. 

France 24: NATO maslahaty: Alýans transatlantik gatnaşyklarynda täze bir sahypa açmak isleýär. 

El Pais (Ispaniýa): G7-ä agza ýurtlaryň liderler 2022-nji ýylda 1 milliard doza Kowid-19 sanjymyny berjekdikleri barada söz berdiler.   

La Wanguardia (Ispaniýa): Klimat şertleri sebäpli başdan geçirilýän göçler rekord derejä ýetdi. 2020-nji ýylda 40 million adam ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur galdylar we şol göçleriň 75 göteriminiň sebäbi tebigy apatlar. 

Telesur (Wenesuela): Braziliýa we Wenesuela 2021 Amerika futbol çempionatynyň açylyşyny ýerine ýetirdiler. 

Izwestiýa gazedi: Amerikan maliýa edaralaryna ABŞ tarapyndan girizilen Russiýanyň döwlet obligasiýalaryny satyn almak gadagançylygy şu gün güýje girdi. 

RBK: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Waşingtonyň basyşlaryna garamazdan pozisiýasyny üýtgetmezliginiň häsýet aýratynlyklary sebäplidigini belledi. 

Lenta.ru: 17-nji iýundan başlap Sankt-Peterburgda has berk öňüni alyş çäreleri durmuşa geçirilmäge başlanar. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä , #habar , #gazet

Degişli Habarlar