Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1635242
Daşary ýurt metbugatyna syn

zdf.de: Germaniýada koronawirus epidemiýasy sebäpli görülen çäreleriň netijesinde derslerinden yza galýan okuwçylara goldaw maksatly taýarlanan 2 milliard ýewrolyk goldaw bukjasy Ministrler kabineti tarapyndan kabul edildi. 

Süddeutsche Zeitung: Facebook platformasy, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň sosial media platformasyna giriş gadagançylygynyň dowam etmegi barada karar kabul etdi. 

Welt.de: Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň raýatlarynyň 1/4 bölegi Kowid-19-yň ilkinji dozasyny etdirdi. 

Le Monda: Fransiýanyň Merinýan şäherinde köçäniň ortasynda äri tarapyndan ýakylan zenan ýogaldy. 

France 24: Fransuz harbylara we syýasatçylara Napoleonyň ýogalmagynyň 200-nji ýyly bilen bagly beýanat beren Fransiýanyň Prezidenti Emmanul Makron: "Napoleon biziň bir bölegimizdir" diýdi. 

Le Parisien: Fransiýanyň Awignon şäherinde polisiýa gullugynyň 1 işgäri neşe operasiýasynda atylyp öldürildi. 

Al-Kudus Al-Arabi: Ýewropa Bileleşigi basyp alyjy Ysraýylyň ýaşaýyş ýerlerini giňeltmegini bes etmegini talap edýär. 

Al-Kudus Al-Arabi: Liwiýanyň gündogar sebitinden bir wekiliýet ýurdyň paýtagty Tripoli şäherine sapar gurady we Liwiýanyň Premýer ministri Abdülhamid Dibeýbeden Bingazi şäherine saparyny çaltlandyrmagyny isledi. 

Al Jazeera: Diplomatik çeşmeler: "Tähran bilen ABŞ-nyň arasyndaky düýpsüz uçurym Wena gepleşikleriniň dowam etmegini togtatdy" diýip habar berdi. 

El Pais: Ispaniýanyň Madrid awtonom zolagynda 4-nji maýda sişenbe güni geçirilen möhletinden irki saýlawda çepçi partiýalaryň şowsuzlygyndan soň, Ispaniýanyň Sosialist zähmetkeşler partiýasyna degişli käbir deputatlar ykdysady kadalaşmanyň ýagdaýy ters öwürjekdigine ynanýandyklaryny beýan etdiler. 

El Mundo: Ispaniýanyň Zähmet ministri Ýolanda Diazyň Podemos partiýasynyň lideri Pablo Iglesiasyň syýasatdan aýryljakdygy barada beren beýanatyndan soň, partiýanyň täze lideri hökmünde garalýar. 

TeleSur (Wenesuela): Kolumbiýada howpsuzlyk güýçleri bilen demonstrantlaryň arasynda başdan geçirilen hadysaly gijäniň ýenede biri geçdi. Pereira şäherinde ýene-de 2 demonstrant ýogaldy. 

Lenta.ru: Ukraina Russiýany BMG platformasyny öz bähbitlerini ulanmak bilen günäkärledi. 

TASS: Bütindünýä Sanjym kongresinde iň gowy Kowid-19 sanjymy hökmünde Moderna kärhanasynyň sanjymy saýlandy. 

Gazeta.ru: ABŞ-ly hünärmenler ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda bolmagy ähtimal duşuşygyň, Çehiýa, Islandiýa, Sloweniýa ýa-da Azerbaýjan döwletlereriniň paýtagtlarynyň birinde boljakdygyny pikir edýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #dünýä

Degişli Habarlar