Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1634302
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Jezire (Katar): Prezident Rejep Taýýip Erdogan we Saud Arabystanynyň Şasy Selman bin Abdülaziz telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alynyp malahatlaşyldy.  

Al-Düstur (Iordaniýa): Liwan bilen Ysraýylyň arasynda deňiz serhetlerini kesgitlemek boýunça gepleşikler ýaňadandan başlady. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Beýik Britaniýa): ABŞ-nyň Polisiýa gullugynyň ozalky işgäri Derek Şowin, asly afrikaly bolan Jorj Floýdy öldürmekten günäli hasap edileninden soň, kazyýet diňlenşiginiň gaýtadan geçirilmegini talap edýär. 

nex24.news: Goranyş tehnologiýasy, Türkiýe oýlap tapan howa goranyş raketasy bolan HISAR-A-ny üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirdi. 

Deutsche Welle: Korona: Germaniýanyň hökümeti koronawirus sanjymy bolanlara, keselläp gutulan adamlara adaty hukuklarynyň gaýtarylyp berilmegini öz düzüminde jemleýän kararnamany kabul etdi. 

El Mundo (Ispaniýa):  Halk partiýasy, çepçi bölünşik üçin soňky öwrülişik nokadyna ýetdi. Madrid şäherinde sebitleýin saýlawlarda üstün çykdy. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada Unidas Podemos partiýasynyň lideri Pablo Iglesias, Madritde çepiň şowsuzlygyndan soň syýasatdan çykýandygyny habar berdi. 

Telesur (Wenesuela): Kolumbiýada 28-nji aprelden bäri dowam edýän salgyt reformasyna garşy protestlerde 19 adam ýogaldy. 

Le Figaro: Kowid-19: Ýewropalylaryň 1/4 bölegi ilkinji gezek sanjym etdirdi, ABŞ sanjym kampaniýasyny çaltlandyrdy. 

Le Monde: Müsür Fransiýada 30 Rafaele harby uçaryny satyn alandygyny tassyklady. 

France 24: Fransiýada Kowid-19-a garşy bu hepde 3 million adamyň sanjym edilmegi maksat edinilýär. 

RIA Nowosti: ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýany halkara jogapkärçiligini ýerine ýetirmegi üçin basyş edilmegi barada çagyryş berdi. 

Lenta.ru: ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, Russiýany Siriýa krizisini çözmek mehanizmininiň düzgünini bozmak bilen günäkärledi. 

Kommesant Gazedi: Russiýanyň Döwlet Wirusologiýa we biotehnologiýa ylmy-derňew merkezi "Wektor", 3 doza ýagdaýynda ediljek "EpiVakKorona" sanjymynyň kliniki synaglaryny geçirýär. 


Etiketkalar: #habar , #dünýä , #metbugat

Degişli Habarlar