Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1626163
Daşary ýurt metbugatyna syn

zdf.de: Germaniýanyň ähli ýerinde koronawirus epidemiýasyna garşy şol bir öňüni alyş çäreleriň görülmegini öz düzüminde jemleýän kanun taslamasy Mejlisde kabul edildi.

Welt.de: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Günbatara ýurdunyň gyzyl çyzygyndan geçmezlik barada duýduryş berdi. 

spiegel.de: Ýewropa Bileleşigi kömürturşy gazyň 2030-njy ýyla çenli, 1990-njy ýyldaky derejesine garanyňda 55 göterim azaldylmagynyň üstünde ylalaşdy. 

Alraýa: Katar, Türkiýe we BMG Stambul konferensiýasynyň yza süýşürilendigini habar berdiler. 

Aljazeera: Çad: Oppozisiýa Çadyň Prezidenti Idris Debynyň öldürilmeginden soň Harby Geňeşi ret etdi. Halkara güýçler bolsa parahatçylykly geçiş etabynyň bolmagy barada çagyryş berdi. 

Alkudus Alarabi:  Siriýanyň Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasyny agzalygy Asada tabynlykdaky güýçleriň himiki hüjümleri sebäpli ýatyryldy. 

El Pais (Ispaniýa): Madritde 4-nji maýda geçiriljek ýerli parlament saýlawlaryndan ozal göni efirde ýüz-ýüze gelen dalaşgärler Kowid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sanyny biri-birlerine garşy ulandylar. 

El Uniwersal (Meksika): Resmiler Hidalgo ştatynda Kowid-19 epidemiýasynyň azyndan 3 görnüşiniň hasaba alynandygy barada duýduryş berdi. 

Milenio.com (Meksika): ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Harris, iýun aýynda Meksika sapar gurar. 

Le Monde: Kovid-19: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, AstraZeneka sanjymy bilen bagly ähtibarsyzlygy ortadan aýyrmak isleýär. 

France 24: Emmanuel Makron, Çadyň Döwlet baştutany Idriss Debynyň jynaza çäresine gatnaşar. 

Le Figaro: Hindistan wirusa ýolugýan adamlaryň sany boýunça rekord goýdy, soňky 24 sagatda takmynan 315 müň adam wirusa ýolukdy. 

Ria Nowosti agentligi: Russiýanyň Feredasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Federal mejlisde eden çykyşynda, Russiýa garşy prowokasiýa taýarlygynda bolanlary şol syýasatyň oňaýsyz netijeleri barada duýduryş berdi. 

Izwestiýa Gazedi: Çehiýanyň Daşary işler ministri Ýakup Kulhanek, ýurtdan çykarylan çehiýaly diplomatlaryň Russiýa gaýdyp barylmagynyň kabul edilmegini talap etdi. 
TASS Agentligi: Russiýa ABŞ-nyň ilçihanasyndaky 10 işgäri ýurtdan çykarýar. ABŞ-nyňMoskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolsa Moskwadaky ýaşaýan ýerini terk etdi.


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä , #habar

Degişli Habarlar