Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1594745
Daşary ýurt metbugatyna syn

Liberation: Fransiýada Kowid-19 epidemiýasyna garşy görülen çäreleriň çäginde täze kararlar: Hepdäniň ahyrynda köçä çykmak gadagançylygy ýola goýuljak ýeke täk şäheriň Fransiýanyň iň demirgazygyndaky Pa-de-Kale şäheriniň bolmagyna garaşylýar. 

France 24: Halkara jenaýat kazyýeti, Palestinanyň topraklarynda edilen söweş jenaýatlary bilen baglanşykly derňew işini başlatdy. 

Le Soir: Fransiýanyň ozalky Prezidenti Nikolýa Sarkozi: "Syýasata gaýdyp gelmek ygtyýarym ýok" diýip belledi. 

El País (Ispaniýa): Ýewropa Bileleşigi döwlet edaralarynda wagtlaýyn möhlet bilen iş ýerleriniň azaldylmagy babatynda Ispaniýa basyş edýär.  

El Diario (Boliwiýa): Boliwiýa bir günüň içinde ýurdyň tapawutly ýerlerinde 28 adamyň ýogalmagynyň gam-gussasyny başyndan geçirýär. 

La Tersera (Çili): ABŞ-nyň Tehas we Missisipi ştatlarynda maska geýmek mundan beýläk mejbury bolmaz.

Aldustour: Braziliýada we Meksikada Kowid-19 sebäpli rokord derejede adam ýitgileri we maý aýynda ähli amerikalylar üçin sanjym. 

Alraýa: Katar, umumy Arap hereketini artdyrmak barada çagyryş berýär. 

Alkudus: Arap Ligasynyň Baş sekretary Ahmed Aboul Gheit: "Arap ýurtlary Palestina meselesi bilen gyzyklanýan her Amerikan hökümetine garşy oňyn pozisiýa eýelär" diýip habar berdi. 

Deutsche Welle: Germaniýada pandemiýa sebäpli 25 müň kärhana batmagyň bäri ýanynda. 

Bild.de: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Kowid-19 çäklendirmeleriniň möhledini 28-nji marta çenli uzatdy. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Şwesiýanyň polisiýa gullugy pyçakly hüjümden soň, terror şübhesiniň üstünde durýar. 

RIA Nowosti: ABŞ-nyň milli howpsuzlyk strategiýasynda Hytaý we Russiýa howp hökmünde garalýar we Russiýanyň global täsirini artdyrmak we halkara arenada durnuklylygy bozujy rol oýnamak niýetindedigine ünsler çekilýär. 

Lenta.ru: ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Krymdaky we Ukrainadaky wakalar bilen baglanşykly, 2014-nji ýylda Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň möhledini uzatdy. 

Kommersant: Koronawirus immunitedi pes syrkawlaryň bedeninde uzak möhletläp galyp bilýär we mutasiýalar emele gelip bilýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar