Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapýar

1592764
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Agdarlyşygyň adamzat jenaýatydygyny aýdan Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "1997-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky hadysalary başymdan geçirdim, 28-nji fewraldaky hadysalary bilýärin" diýip nygtady. 

br.de: Germaniýanyň Daşary işler ministri Haýko Maas, geçen hepde ÝB-e agza ýurtlaryň liderleriniň üstünde ylalaşyk gazanan sanjym pasporty babatynda doly tizlikde işlenmeginiň gerekdigini belledi. 

Tagesschau.de: ABŞ-da Johnson&Johnson kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan koronawirus sanjymynyň ulanylmagyna rugsat berildi. Bazardaky beýleki sanjymlaryň tersine Johnson&Johnson kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymyň bir doza ulanylmagynyň ýeterlik boljakdygy mälim edildi. 

Al-Mustakbal (Liwan): Siriýada Russiýa degişli bir dikuçar ýere gaçdy. 

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): BMG: "12.4 million siriýaly azyk önümlerinden mahrum" diýip habar berdi. 

Heraldo (Ispaniýa): Hytaý 3-nji koronawirus sanjymyny tassyklady. 

Infobae (Argentina): Russiýa mart aýynda bir dozalyk koronawirus sanjymy bolan Sputnik Light sanjymynyň dünýä açyljakdygyny habar berdi. 

Woýennoe Delo žurnaly: Türkiýe rus elektron harby ulgamlaryň Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary Baýraktar TB2-ni duruzyp bilmejekdigini aýan etdi. 

Ria Nowosti Agentligi: ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, ABŞ-nyň rus nebitine garaşly boljakdygyny mälim etdi. 

Vesti.ru: Awiasia we älem giňişligi güýçleriniň hyzmatynda köpçülikleýin ýagdaýda dronlar bolar. 

France 24: Fransiýada raýatlar Daşky gurşaw ylalaşygy üçin hökümete örän erbet bal berdi. 

Le Monde: Donald Tramp, orta çykyp, yzyna gaýdyp geljekdigi baradaky pikirini gün tertibe getirdi. 

Le Figaro: Kowid-19-a garşy Pariž sebitinde täze çäklendirmeler durmuşa geçirilmäge taýarlanylýar. 



Degişli Habarlar