Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1576391
Daşary ýurt metbugatyna syn

Bild.de: Germaniýa koronawirusa garşy göreş maksady bilen Portugaliýa harbylary we lukmanlary ugradar. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Moskwada kazyýet diňlenşigi: Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý 2,5 ýyl azatlykdan mahrum edildi. 

Spiegel.de: Rus koronawirus sanjymy Sputnik V-iň täsirlilik derejesi 91,6 göterim. 

Le Parisien (Fransiýa): Kowid-19: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, tomus aýynyň ahyryna çenli ähli fransuzlaryň sanjym etdirip biljekdigi barada söz berdi. 

Le Monde (Fransiýa): Koronawirusyň Britaniýa görnüşi aladalandyrjak derejede mutasiýa sezewar bolýar. 

France 24 (Fransiýa): Kowid-19: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri Hytaýyň Uhan şäherindäki Wirusologiýa institutyna baryp gördüler.  

Al Raýa (Katar): Ýewropa Bileleşigi Kosowa Iýerusalimde ilçihana açmazlyk barada duýduryş berdi. Arap ligasy ilçihanany açmak baradaky karary halkara hukugyň düzgün bozmasy hökmünde häsýetlendirip, ýazgardy.  

Al Dastour (Iordaniýa): Dünýä derejesinde 2 aýyň içinde koronawirus epidemiýasyna garşy 100 million sanjym edildi. 

Al Jazeera: Kadalaşma etabyndan soň Ysraýyl, Sudana maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada teklip hödürledi. 

El Pais (Ispaniýa): Ýewropanyň Merkezi bankynyň berýän maglumatyna görä, Ispaniýa geçen ýyl başdan geçirilen ykdysady krizisiň hötdesinden gelmek üçin iň az pul çykdajy eden Ýewropa ýurdy boldy. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň ençeme şäherinde Kowid-19 epidemiýasynyň öňüniň alynmagy üçin görülýän çäreler günsaýyn berkidilýär. Madrid, Malaga we Asturias şäherleri ýaly. 

TASS Agentligi: Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, günbatarly diplomatlaryň oppozisioner syýasatçy Alekseý Nawalnyýnyň Moskwada geçirilen kazyýet diňlenşigine tomaşa etmeklerini syýasy aksiýa hökmünde häsýetlendirdi. 

Kommersant Gazedi: Russiýanyň Nýu-Ýork şäherindäki Baş konsullugynyň golaýynda Alekseý Nawalna goldaw berip geçirilen protestde gyzyl boýag zyňyldy. Baş konsullyk ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan diplomatik wekilhananyň howpsuzlygyny üpjün etmegini talap etdi. 

Gazeta ru: Hytaý, koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym önümçiligi babatynda Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýar. 


Etiketkalar: #agentlik , #gazet , #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar