Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1572810
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: BMG tarapyndan geçirilen sowalnama görä adamlaryň 2/3 bölegi klimatyň üýtgemegini global derejedäki adatdan daşary ýagdaý hökmünde garaýar. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Moskwa ýaragsyzlanma ylalaşygynyň möhledini 2026-njy ýyla çenli uzatdy. 

nrz.de: Futbol-Mesut Özil mundan beýläk hiç wagt Germaniýanyň ýygyndysy üçin oýnamak islemeýär. 

Aldustour: UNRWA: "Şu ýyl hyzmatymyzy dowam etdirmek üçin 1 milliard dollardan gowrak pula mätäçligimiz bar" diýip habar berdi. 

Alraýa: Ak Tam, koronawirusyň gelip çykyşy bilen bagly açyk we giň-gerimli derňew işiniň geçirilmegi barada çagyryş berdi. 

Alaýýam: Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet Ysraýyl-Palestina delosy bilen bagly syýasatyny ilkinji gezek giňişleýin aýat etdi: Iki döwletli çözgüdi goldamak, basyp alyşlygy we täze ýaşaýyş ýerlerini ret etmek, diplomatik wekilhanalary ýaňadandan açmak we kömek bermäge dowam etmek. 

El País (Ispaniýa): ÝB AstraZeneca kärhanasyndan Britaniýada öndüren sanjymlarynyň bir bölegini gowşurmagyny isleýär. 

Infobae (Argentina): Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Britaniýada ýüze çykan koronawirusyň täze mutasiýa sezewar bolan görnüşiniň dünýäniň 70 ýurdynda, Günorta Afrikada ýüze çykan mutasiýasynyň bolsa dünýäniň 31 ýurdunda hasaba alynandygyny mälim etdi. 

Telesur (Wenesuela): Russiýa Argentina Kowid-19 sanjymlarynyň gijä galjakdygyny habar berdi. 

Le Monde: Fransiýada Mejlisiň Kowid-19 maglumat bermek topary garaşylmadyk ýagdaýda dargadyldy. 

Liberation: Fransiýanyň Nisa şäherindäki naharhanalaryň biri raýat boýun egmezligiň çäginde bikanun ýagdaýda gapylaryny açdy. 

Lenta.ru: Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň erkek jigisi bilen Nawalnyý tarapyndan döredilen Galplyga garşy göreş gaznasynyň işgäri oppozisioner syýasatçy Lýubow Sobol 48 sagatlygyna göz tussaglygyna alyndy. 

TASS: BMG-nyň Baş sekretary, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Russiýa tarapyndan öndürilen sanjymy iň gysga wagtda tassyklamagyna garaşýar. 


Etiketkalar: #dünýä , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar