Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1565647
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Saud Arabystany Katar bilen bolan diplomatik gatnaşyklaryny ýaňadandan durmuşa geçirýär. 

Watan (Oman): ABŞ-da geçirilen derňewlere görä, depressiýa we stress bedeniň sanjyma bolan reaksiýasyny gowşadýar. 

Al-Mustakbal (Liwan): BAE-niň Russiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi ýogaldy. 

Le Parisien (Fransiýa): Fransiýada Yslam ýörelgeleri tertipnamasy: Prezident Emmanuel Makron şu gün Fransiýanyň Yslam geňeşini kabul eder. 

Le Soir (Belgiýa): Koronawirus: Britaniýada ýüze çykan koronawirusyň mutasiýa sezewar bolan görnüşi anyklananyndan soň ýurdyň Flaman sebitindäki ençeme mekdep ýapyldy. 

El Universal, Meksika: Gwatemalaly işgärler Gonduras döwletinden barýan bosgunlary aşa güýç ulanyp duruzdy. ABŞ barmak maksady bilen ýola çykan Gondurasly bosgunlar takmynan 9 müň adamdan ybaratdy. 

Infobae, Argentina: Kowid depressiýasy: Hünärmenlerden duýduryş: "Pandemiýa adamzat hökmünde başymyzdan geçiren iň agressiw sosial stress faktory" diýip bellediler. 

El Mundo, Ispaniýa: Ispaniýanyň Andalusiýa sebiti, hökümetiň Kowid-19-a garşy ýola goýmak isleýän köçä çylmak gadagançylygyny has irki möhlete çekmegini isleýär. 

Tagesschau.de: Germaniýanyň daşary işler ministri Haýko Maasyň "Sanjym bolanlara koronawirus bilen bagly çäklendirmeler gowşadylsyn" diýen sözleri goldaw tapmady. 

Deutsche Welles: ABŞ-da geçirilen Prezident saýlawynda üstün çykan Jo Baýden, wezipä başlan ilkinji gününde musulman ýurtlara bolan syýahatçylyk gadagançylygyny ortadan aýyrar. 

Welt.de: Sişenbe güni Germaniýanyň merkezi hökümeti we welaýatlar koronawirus bilen bagly çäklendirmeleri ara alyp maslahatlaşarlar. Öňüni alyş çäreleriň has giňeldilmegine garaşylýar. 

Rus habarlar agentligi TASS: Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý Moskwadaky Şeremtýewo howa menzilinde göz tussaglygyna alyndy. 

Kommersant.ru habar saýty: Russiýa şu gün köpçülikleýin koronawirus sanjymlaryny başladýar. Sanjym bolmak isleýän ruslar, Sputnik V we EpiVacCorona atly sanjymlarynyň birini saýlap bilerler. 

RIA Nowosti: Rus senator Alekseý Puşkow, ABŞ-nyň Prezident wezipesine saýlanan Jo Baýden zamanynda ABŞ-nyň Ukrainany Russiýa garşy has köp ulanjakdygyny we Russiýa-ABŞ gatnaşyklarynyň has hem erbetleşjekdigini belledi. 


Etiketkalar: #agentlik , #dünýä , #metbugat

Degişli Habarlar