Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1558328
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Monde: Kowid-19-a garşy görülen öňüni alyş çäreleriň çäginde ýapylan barlaryň we restoranlaryň haçan açyljakdygy entek kesgitlenmedi.  

France 24: Fransiýada Kowid-19: Oliwýe Weran sanjym kampaniýasyny halk köpçüligine ýaýratmaga, çaltlandyrmaga we ýeňilleşdirmäge taýardyklaryny habar berdi. 

Le Figaro: Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo, koronawirusa garşy alynyp barylýan sanjym kampaniýasynyň haýal bolmagynyň özünde lapykeçlik döredendigini beýan etdi. 

Süddeutsche Zeitung: Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, koronawirusa garşy görülýän öňüni alyş çäreler barada maglumat berdi. Ýurt ýanwar aýynyň ahyryna çenli ýapyk bolar. 

Deutsche Welle: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, umumy koronawirus sanjymynyň önümçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Handelsblatt: Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, koronawirus bilen bagly çäklendirmeleriň fewral aýynyň ortasyna çenli uzadylandygyny habar berdi. 

Al-Kuds Al-Arabi: Eýran, Ysraýylyň islendik göçümine garşy tutanýerli bir jogap berjekdigini aýan etdi. 

Al Jazeera: 41. Pars Aýlagy Ýurtlarynyň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýapylyş jarnamasy: Katar bilen diplomatik gatnaşyklara gaýdyp gelmek we gowy goňşuçylyk ýörelgelerine hormat goýmak. 

Al Jazeera: ABŞ-nyň Daşary işler ministri Maýk Pompeo Sudany terrora goldaw berýän ýurtlaryň sanawyndan çykarylmagy baradaky karara gol çekdi. 

El Mundo: Hünärmenler soraýar: Ýewropa eger Moderna sanjymyny hem ulanmaga başlasa Ispaniýanyň ilatynyň 70 göterimine sanjym etmäge adam çeşmesi barmy?

El Pais: Britaniýada ýüze çykan koronawirusyň mutasiýasy eýýäm 2 hepde bäri Ispaniýada hem bar eken. Wirus anyklanan adamlaryň Britaniýa bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. 

El Nasional: Amerika materigindäki 14 ýurtdan ybarat Lima topary wenesuelaly oppozisioner lider Huan Guaýdonyň ýolbaşçylygynda emele getirilen delegat komissiýasynyň kanunydygyny habar berdi.

Tass: ABŞ-nyň Razwedkasy, hökümete garşy guralan kiber hüjümleriň rus hakerler tarapyndan amala aşyrylan bolup biljekdigini belleýärler.

Ria Nowosti: Russiýanyň Hokkeý ýygyndysy, Finlýandiýanyň ýygyndysyna ýeňilip, 2021 Ýaşlaryň Bütindünýä Hokkeý çempionatyndan medalsyz gaýtdy.

lenta.ru: Russiýanyň Komunistler partiýasy, Döwlet Dumasyna raýatlaryň 3 million rubllyk kredit bergileriniň aýrylmagy barada teklip hödürledi. 


Etiketkalar: #dünýä , #metbugat

Degişli Habarlar