Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dünýäniň we Türkiýänin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1557594
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Kuds al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Saud Arabystany bilen Kataryň arasyndaky gury ýer, deňiz we howa serhetleri düýn agşam açyldy. 

Al-Raýa al-Katariýa (Katar): Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al-Sani Pars aýlagy ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda Kataryň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder.  

Al-Düstur (Iordaniýa): ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon: "Uss Nimis atly awianoses gämisi Pars aýlagynda galar" diýip habar berdi. 

t-online.de: Germaniýada koronawirus epidemiýasyna garşy görülen öňüni alyş çäreleriň möhledi ýanwar aýynyň ahyryna çenli uzadylar.

dpa: Syýahatçylyk pudagy üçin agyryly netije-Koronawirus epidemiýasy sebäpli syýahatçylyk pudagy 1990-njy ýyllardaky görkezijilere çenli peseldi. 

nachrichten.at (Awstriýa): Britaniýadaky we Günorta Afrikadaky koronawirus mutasiýasy Awstriýada hem gabat gelindi. 

Le Figaro: Kowid-19: Premýer ministr Boris Jonson bütin Britaniýany ýaňadandan karantin astyna aldy. 

Le Monde: Fransiýada sanjym işleriniň haýal gitmegi, ýurdyň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirýär. 

France 24: Kowid-19: Goňşy ýurtlaryň aglabasynyň tersine Fransiýa mekdepleri ýaňadandan açýar.  

El País (Ispaniýa): Kataloniýa koronawirus epidemiýasynyň täsiriniň artmagy sebäpli ähli häkimlikleri 10 gün möhlet bilen ýapdy. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýada 1 hepde ozal getirilen 360 müň sany sanjymyň ählisi, meýilleşdirmäniň pesligi we şepagat uýalarynyň azlygy sebäpli ulanylyp bilinmedi. 

El Milenio (Meksika): BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň wagtlaýyn täze agzasy Meksika, Howpsuzlyk geňeşinde ýaraglaryň gözegçiligine ähmiýet berer. 

Izwestiýa Gazedi: ABŞ Rumyniýa MQ-9 kysymly ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny ýerleşdirdi. 

Kommersant Gazedi: Russiýada 2020-nji ýylda galplyk etmek bilen aýyplanan adamlara berilen jezalaryň mukdary takmynan 420 million dollar. 

Lenta.ru: Russiýada geçirilen sowalnamalaryň birine görä halkyň 33 göterimi 2021-nji ýylda iň gorkýan zady işsiz galmak bolsa, 27 göterim pulsyz galmakdan, 11 göterimi bolsa bu ýylyň geçen ýyldan hem erbet geçmeginden gorkýar. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar