Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1551127
Daşary ýurt metbugatyna syn

Welt.de: Ýewropa Bileleşiginiň BioNTech-Pfizer kärhanalary tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymy tassyklanyndan soň, sanjymyň paýlanmak etaby şu gün başlady.  

ard.de: Germaniýada täze görnüş koronawirus epidemiýasynda soňky 24 sagatda 962 adam ýogaldy. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Kongres tarapyndan tassyklanan Kowid-19 epidemiýasy bilen bagly kömek bukjasynyň käbir ýerleriniň üýtgedilmegini isledi. 

Al-Jezire (Katar): Efiopiýanyň günbataryndaky sebitde ýaragly toparyň guran hüjüminde asuda ilatdan 100-den gowrak adam ýogaldy. 

Al-Kudus al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Ysraýylly ministrleriň biri, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň wezipe möhledi dolmadan ozal Yslam ýurtlarynyň ýene-de biri bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin tagalla edýändigini mälim etdi. 

Al-Kuds al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet Saud Arabysnyna takyk gönükdirilen bombalary satmagy kabul etdi. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, Günbatar Sudanyň Darfur sebitindäki Afrika Bileleşigi-BMG Parahatçylygy goramak missiýasynyň wezipesini bes etdi. 

Le Monde (Fransiýa): Ýewropa Bileleşigi we Britaniýa Breksit bilen bagly ylalaşygyň bosagasynda. 

Le Figaro (Fransiýa): Fransiýanyň Içeri işler ministri Žerald Darmanen, Roždestwo günlerinde gubernatorlardan ybadathanalaryň howpsuzlygyny güýçlendirmegini isledi. 

France 24 (Fransiýa): Koronawirusa ýolugan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň saglyk ýagdaýy kadalaşmaga başlady. 

El País (Ispaniýa): Sosialist partiýasy we sag gatlak, Şa VI Filipiň Roždestwo bilen bagly taýarlajak ýüzlenmesinde Ispaniýanyň ozalky Şasy Huan Karlosyň eden galplyklarynyň üstünde durup geçjekdigini umyt edýändiklerini beýan etdiler. 

El Uniwersal (Meksika): Halisko ştatynyň ozalky gubernatorynyň öldürilmegi bilen bagly 1 adam tussag edildi. 

Klarín (Argentina): Argentinanyň hökümeti, Russiýa tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymyň ulanylmagyny gyssagly ýagdaýda tassyklady.

Interfaks Agentligi: ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýnyň zäherlenmegi bilen bagly wakanyň arkasynda Federal Howpsuzlyk gullugynyň bardygyny pikir edýär. 

Lenta.ru: Polşa, Stokgolm halkara kazyýetinde gazyň bahasy bilen bagly geçirilen kazyýet diňlenşiginde üstün çykdy, Russiýanyň Gazprom kärhanasy bolsa kazyýet işinde ýeňildi. 

TASS Agentligi: ABŞ-nyň Forbes žurnaly, BioNTech derman kärhanasynyň asly Türkiýeli eýesi Ugur Şahini, pandemiýa tapgyrynda saglygy goraýyş pudagynda baýan 50 täze milliarderiň sanawyna  goşdy. 


Etiketkalar: #habar , #agentlik , #metbugat

Degişli Habarlar