Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1549634
Daşary ýurt metbugatyna syn

Bild.de: Ýewropa Bileleşigi Bionteç kärhanasy tarapyndan oýlanyp tapylan sanjymy tassyklady. Ýylyň ahyryna çenli Federal ştatlara 1,3 million dozalyk sanjym eksport ediler. Ýanwar aýynyň başyndan başlap bolsa her hepde ýene-de 670 müň dozalyk sanjym ugradylar. 

Spiegel.de: Germaniýanyň hökümeti Roždestwoda bir ýere jemlenmezligi maslahat berýär. 

Deutsche Welle: Koronawirus mutasiýa sezewar boldy, emma hünärmenler adamlara howsala düşmezlik barada maslahat berýär. 

Al Jazeera: Aksa metjidiniň golaýynda Ysraýylly basyp alyjy güýçleriň od açmagy netijesinde 1 adam şehit boldy. Jöhit ýaşaýjylar Nablus şäherinde palestinalylara hüjüm etdi. 

Al-Raya (Katar): SİDA .. Türkiýäniň ilkinji ýaragly sürüjisiz deňiz ulagy, ýaragly ulgamlar bilen üpjün edilen ýagdaýda, strategik ähmiýetli sebitleri howpsuzlyk astyna alar. 

Al-Raya (Katar): Britaniýa, Kowid-19 epidemiýasynyň mutasiýa sezewar bolan görnüşiniň anyklanmagyndan soň mejbury izolýasiýa astynda. Dünýäniň 37 ýurdy Britaniýa guralýan uçar saparlaryny bes etdi. 

El País (Ispaniýa): Gibraltara syýahat etjek iňlisler, pasport gözegçiliginden geçmäge mejbur bolarlar, ispaniýalylar bolsa erkin ýagdaýda girip bilerler. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň döwlet bergisi Premýer ministri Pedro Sançes zamanynda, ýagny 2 ýyldan gowrak wagtda 150 million artdy. 

Infobae (Argentina): ABŞ Nikaragua we Kuba garşy täze sanksiýalar girizmek barada karar kabul etdi. 

TASS Agentligi: ABŞ Amerika tehnologiýalaryny satyn almagy gadagan eden Russiýa we Hytaýa degişli kärhanadyr edaralaryň sanawyny taýarlady. Sanawa kärhanadyr edaralar bilen birlikde Russiýanyň Daşary razwedka gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrligi hem girdi. 

RIA Nowosti Agentligi: Russiýa Kowid-19 epidemiýasynyň mutasiýa sezewar bolan görnüşiniň ýüze çykmagyndan soň 22-nji dekabrdan başlap Britaniýa uçar saparlaryny togtatdy. 

Kommersant Gazedi: Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, duşenbe güni syýasy karýerasynyň iň utandyryjy pursatlarynyň birini başyndan geçirdi. Ýurdyň birnäçe şäherine sapar guramagy meýilleşdiren Nikol Paşinýanyň ulagy, demonstrantlaryň günorta tarap barýan ýollary ýapmagyndan soň Ýeriwana gaýdyp geldi. 

France 24: Ýewropa Bileleşigi Pfizer-BioNTech kärhanalarynyň bilelikde oýlap tapan sanjymyny tassyklady. 

Le Parisien: Alžir kolonial döwre degişli arhiwleriň ählisini Fransiýadan yzyna bermegini isledi. 

Le Monde: Kanada palestinaly bosgunlar üçin 57 million dollarlyk kömegiň berilendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #habar , #agentlik , #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar