Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1546470
Daşary ýurt metbugatyna syn

France 24: Kowid-19: Täze ýylyň golaýlap gelýän günlerinde Ýewropada koronawirusa garşy çäreleriň gerimi giňeldilýär, Parižde köçä çykmak gadagançylygy dowam edýär. 

Le Monde: Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Ankara Ýewropa Bileleşigi bilen täze sahypa açmak isleýär" diýip belledi. 

France 24: Müsüriň Döwlet baştutany Abdülfettah As-Sisä Fransiýada hormat sylagynyň berilmegi bilen bagly reaksiýalar artmaga başlady...

Aljazira (Kataryň telewideniýesi): Eýran, ABŞ-nyň Russiýadan satyn alan S-400 kysymly howa goranyş ulgamlary bilen baglanşykly Türkiýä garşy kabul eden sanksiýa kararyny ýazgardy. 

Al-Raýa al-Katariýýa (Katar): Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Al-Kuds al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Tunisiň Premýer ministri Hişam al-Meşişi: "Ysraýyl bilen gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrmak gün tertibimizde däl" diýip nygtady. 

kurier.at (Awstriýa): Türkiýe bilen krizis: Gresiýa täze ýaraglara milliardlarça ýewrolyk maýa goýar. Ortaýer deňizindäki tebigy gaz bilen bagly düşünişmezçilik sebäpli Gresiýa harby harajatlaryny 5 esse artdyrdy. 

Frankfurter Rundschau: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkiýä garşy sanksiýa kararyny kabul etdi-Ankara bolsa garşylyk görkezjekdigini habar berdi. 

Süddeutsche Zeitung: Germaniýada täze görnüş koronawirus: Saglygy goraýyş ministri Ýens Şpan: "Täze ýyldan ozal sanjymlary başlatmak isleýäris" diýip nygtady. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýada geçirilen ylmy-derňewleriň birine görä Kowid-19 epidemiýasy sebäpli jemgyýetde beýleki dem alyş ýol infeksiýalarynyň hiç hili anyklanmaýandygyny ýüze çykardy. 

El Mundo (Ispaniýa): Restoranlaryň we barlaryň ýurdy bolan Ispaniýa, pandemiýa tapgyrynda takmynan 60 million ýewro zyýan çekdi. 

El Nasional (Wenesuela): Geçirilen derňewlere görä koronawirus ýolugan 1 adamyň bejergisi üçin her gün 1200 bilen 2000 dollar aralygynda çykdajysy bar. 

Ria Nowosti Agentligi: ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň kömekçisi Fiona Hill täze Prezident Jo Baýdene Russiýa bilen gatnaşyklarda ýurdyň ozalky Prezidenti Barak Obama zamanynda edilen ýalňyşlyklary goýbermezligi barada maslahat berdi. 

Gazeta.ru: Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko: "Minsk Russiýa 200 million dollarlyk bergisini berdi" diýip aýan etdi. 

Kommersant Gazedi: Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýegeni, işewür adam Roman Putin "Korrupsiýasyz Russiýa" atly täze bir partiýa gurdy. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar