Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1545760
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýer, çarşenbe güni giriziljek köçä çykmak gadagançylygyndan ozal koronawirus epidemiýasynda ýagdaýyň tankydydygy barada duýduryş berdi. Ştaýnmaýer, epidemiýanyň gözegçilikden çykmak howpunyň bardygyny beýan etdi. 

Süddeutsche Zeitung: ABŞ taryhyndaky iň uly sanjym kampaniýasyny başlatdy. 

Frankfurter Allgemeine: ÝB sanjymy näme sebäpli derňeýär? Beýleki ýurtlar Biontech kärhanasynyň sanjymyny gysga wagtda tassyklan bolsa, Germaniýada sanjym bilen bagly tankydy bellikler aýdyldy. Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Ýens Şpan mesele bilen bagly, Ýewropanyň Derman agentliginiň jogapkärdigini belledi. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde 104 ýaşyndaky zenan 14 günüň ahyrynda Kowid-19 keselinden üstün çykyp, öýüne ugradyldy. 

El Uniwersal (Meksika): "Näme üçin käbir adamlar keseli agyr geçirýär?" Geçirilen ylmy-derňewleriň netijesine görä adamlaryň genleri koronawirus keseliniň täsirleri bilen bagly syrlary ýüze çykarýar. 

La Tersera (Çili): Dünýäde gysga wagtlyk ýapylan YouTube, Gmail we Google programmalary ýaňadandan kadaly ýagdaýda işlemäge başlady. 

Le Figaro (Fransiýa): Fransuzlaryň 55 göterimine görä, Premýer ministri Žan Kasteks täsirli däl. 

France 24 (Fransiýa): Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, klimat çalşygyna garşy göreşi ýurdyň Konstitutsiýasyna girizmek üçin referendumyň geçiriljekdigini mälim etdi. 

Le Parisien (Fransiýa): Germaniýada koronawirusa garşy bejergi alýan Alžiriň Prezidenti Abdulmejid Tebbun, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkele minnetdarlyk bildirdi. 

Al Jazeera: Saýlaw Geňeşi resmi ýagdaýda tassyklady: ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti Jo Baýden boldy.

Al Jazeera: Sudan ABŞ-nyň terror sanawyndan resmi ýagdaýda çykaryldy. 

Addustour (Iordaniýa): BAE Hytaýyň sanjymyny ulanyp, koronawirusa garşy sanjym etabyny başlatdy. 

TASS Agentligi: Russiýanyň Başgyrdystan sebitinde garrylar öýünde ýüze çykan ýangynda 11 adam ýogaldy. 

Kommersant Gazedi: Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda zamun çalşygy amala aşyryldy. 

Lenta.ru: Russiýada öndürilen 21-nji asyryň uçary diýip atlandyrylýan ýolagçy uçar ilkinji gezek Russiýada öndürilen dwigatel bilen uçdy. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar