Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1533249
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Roseline-A atly türk gämisiniň Liwiýanyň suw giňişliginde duruzulmagy sebäpli, ÝB-niň we Italiýanyň ilçileri bilen Germaniýanyň Işler wagtlaýyn ynanylan şahsa nota berilendigini aýan etdi.  

Spiegel.de: Germaniýanyň Gamburg fregaty Liwiýanyň suw giňişliginde Türkiýä degişli ýük gämisini halkara hukuga ters ýagdada duruzyp, ençeme sagatlap barlag geçirdi. 

Tagesschau.de: Germaniýanyň Saglygy goraýyş ministri Ýens Spahn, rugsatlar çykanyndan soň dekabr aýynda sanjymlaryň başladylmagyny umyt edýändiklerini habar berdi. 

Al-Kudus Al-Arabi: ABŞ-da geçirilen Prezident saýlawynda ýeňiş gazanan Jo Baýden, palestinaly aktiwist Rima Dudini Ak Tamda ýokary wezipä belledi. 

Al Jazeera: NATO we Ýewropa Bileleşigi Jo Baýdene gatnaşyklary ýaňadandan ýola goýmak barada çagyryş berýärler. 

Al-Raýa (Katar): ÝUNISEF öňümizdäki ýylyň başynda ägirt uly operasiýa bilen ýoksul ýurtlara Kovid-19-a garşy göreş maksady bilen takmynan 2 milliard sany sanjym paýlajakdygyny habar berdi. 

El País (Ispaniýa): Ispaniýada koronawirusa garşy görülen berk çäreler epidemiýanyň 2-nji tolkunyny duruzdy. 

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýada geçirilen ylmy-derňewe görä, allergiki demgysmasy bolan adamlar koronawirusa beýleki adamlara garanyňda has az ýolukýarlar. 

Infobae (Argentina): Wenesuelanyň nebiti taryhyň iň uly ýiten hazynasy bolmak howpunyň astynda. 

Le Monde: Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki Respublika heýkeliniň golaýynda ýerleşýän bosgunlaryň galýan düşelge, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan güýç ulanylyp boşadyldy.

Le Figaro: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, häkimiýeti tabşyrmak üçin işe girişdi. 

France 24: Kovid-19: Britaniýada karantin düzgüni dekabr aýynyň başynda aýrylar. 

TASS Agentligi: Daglyk Garabagda minanyň partlamagy netijesinde Azerbaýjanyň Ýaragly güýçlerinden 1 ofiser şehit boldy, Russiýanyň Parahatçylyk güýjünden 1 esger bolsa ýaralandy. 

Ria Nowosti Agentligi: Russiýanyň Goranmak ministrligi, Daglyk Garabagda mina saplaýyş işleriniň geçirilýändigini mälim etdi. 

Lenta.ru: Russiýadan Ýewropa nebit we tebigy gaz eksportynda peselişiň bolup biljekdigi çak edilýär. 


Etiketkalar: #dünýä , #metbugat , #habar , #agentlik

Degişli Habarlar