Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1526481
Daşary ýurt metbugatyna syn

Süddeutsche Zeitung: Kovid-19 sanjymy entek bazara çykmadan dünýä syýasatyny üýtgetmäge başlady. 

Deutsche Welle: Jo Baýdeniň Kovid-19-y dolulygyna ýok etmek üçin hyjuwly meýilnamasy bar. 

ard.de: ABŞ-daky saýlawlar: Tramp Alýaskada üstün çykdy. Jorjia ştatynda sesler ýaňadandan sanalýar. 

Le Figaro (Fransiýa): Ikinji karantin döwri: Fransuzlaryň 60 göterimi karantiniň düzgünlerini bozdy. 

Le Monde (Fransiýa): Kovid-19: Ikinji koronawirus tolkuny dowam edýän mahaly, Fransiýanyň Premýer ministri Žan Kasteksiň metbugat ýygnagyny geçirmegine garaşylýar. 

Le Parisien (Fransiýa): Pariž Parahatçylyk forumy: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron "Sanjym diplomatiýasyny" başladýar. 

AlJazeera: Jo Baýden öz ýolbaşçylygynda hökümeti gurmaga başlady. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp saýlawyň netijesini ykrar etmeýär. 

Al-Raýa (Katar): Palestinanyň Azatlyk guramasynyň Baş sekretary Saeb Erakat, resmi çynaza çäresinden soň, öz dogduk ýeri Erihada jaýlandy. 

Al-Raýa (Katar): Dubaýyň howa menzilleri, Ysraýylyň 3 howa ýolunyň wekillerini kabul edýär. 

Al-Kuds Al-Arabi: Saud Arabystany: Jidde şäherinde musulman bolmadyk adamlaryň jaýlanýan gonamçylyga guralan hüjümde 4 adam ýaralandy. 

La wanguardia (Ispaniýa): Ispaniýanyň hökümeti ýurtdaky maskalaryň salgydyny azaldar. 

El Pais (Ispaniýa): Ýewropa Bileleşiginiň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrel: "ÝB ABŞ-nyň gorag saýawanynyň astynda uzak wagtlap ýatdy" diýip belledi. Borrel, mundan başgada ABŞ-nyň täze Prezidenti Jo Baýdeniň Eýran we daşary syýasatynyň Halkara sahnany dolulygyna üýtgetjekdigini habar berdi. 

La Jornada (Meksika): Argentinanyň ozalky Prezidenti Maurisio Masri, ýurdunda "ARA San Juan" suwasty gämisiniň batmagyny ýaşyrmak bilen günäkärlenýär. 

TASS:  Daglyk Garabagdaky Parahatçylyk operasiýasynda rus dikuçarlar ulanylar. 

Kommersant: Russiýanyň Milli Bilim ministrligi, fewral aýyna çenli dersleriň onlaýn görnüşde geçirilmegini isledi. 

Ria Nowosti: Türkiýede koronawirus sebäpli köçelerde we köpçülikleýin aragatnaşyk serişdelerinde çilim çekmek şu günden başlap gadagan edildi. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar