Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1521591
Daşary ýurt metbugatyna syn

el-Cezire (Katar): Awstriýadaky hüjüm... Awstriýanyň Polisiýa gullugy, bir howpsuzlyk gullukçysyny goran bir palestinalyny sylaglandyran bolsa, Awstriýanyň telewideniýesi bir polisiýa işgärini we raýatlary halas eden 2 türk barada öwgüli sözler aýtdy.      

Al-Kuds al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa):  Malawi Respublikasy, Iýerusalimde ilçihana açmak meýilleşdirýändigini habar berdi. 

Al-Kuds al-Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): Britaniýa Fransiýada we Awstriýada guralan hüjümlerden soň terrora garşy duýduryş derejesini artdyrdy. 

France 24 (Fransiýa): Fransiýanyň hökümeti karantinyň hötdesinden gelmek üçin 2020-nji ýylyň býujetini ýaňadandan gözden geçirmäge mejbir galdy. 

Le Monde (Fransiýa): Fransiýanyň Premýer ministri Žan Kasteks kolonializm geçmişi bilen baglanşykly Prezident Emmanuel Makronyň pozisiýasyndan uzak. 

Welt.de: Asly türk bolan 2 raýat, Wenada guralan terrorçylykly hüjümde ýaralanan 1 polisiýa işgäriniň janyny halas etdiler. 

Frankfurter Allgemeine: Germaniýadaky täze çäklendirmeler ykdysady galkynyşa agyr zarba urdy. Emma ähli pudaklara deň derejede zyýan ýetmez. 

Deutsche Welle: Awstriýanyň Içeri işler ministri Karl Nehammer, Wenada guralan terrorçylykly hüjümde birnäçe jogapkäriň bardygy barada subutnamanyň tapylmandygyny belledi. 

La Vanguardia (Ispaniýa): Ispaniýadaky 2-nji koronawirus tolkuny eýýäm şu wagtdan ilatyň garry bölegini zamun aldy. 

El Mundo (Ispaniýa): ABŞ-daky saýlawlar: Donald Tramp, kesgitleýji ştatlarda üstün ýagdaýda. 

Infobae (Argentina): Çiliniň hökümeti köçä çykmak gadagançylygynyň düzgünlerini gowşatdy we 2-nji koronawirus tolkunyndan goranmak üçin halky ünsli bolmaga çagyrdy. 

Gazetem.ru: Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow: "Türkiýe bilen Garabag meselesinde hyzmatdaşlygymyz dowam eder" diýdi. 

TASS: Täze dwigateller bilen ornaşdyrylan TU-160 M harby uçarlary ilkinji uçuşyny amala aşyrdylar. 

Lenta.ru: Wenada göz tussaglygyna alynanlaryň arasynda Demirgazyk Kawkazly bir bosgun hem bar. 


Etiketkalar: #dünýä , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar