Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1518610
Daşary ýurt metbugatyna syn

Watan (Oman): Täze görnüş koronawirus epidemiýasy bilen baglanşykly Awstraliýada geçirilen ylmy-derňewde, umumy izolýasiýanyň beýleki ençeme keselden gorandygyny ýüze çykardy. 

El-Mustakbal (Liwan): Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy: "Kovid-19 Ýakyn Gündogarda howply bolmaga başlady" diýip habar berdi. 

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): Ysraýylyň wekiliýetleri BAE-de saparda bolýar. 

RT habar saýty: Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreşde döwlet derejesinde iş ýerleriniň ýapylmagy ýaly öňüni alyş çäreleriň görülmejekdigini habar berdi. 

RBK habar saýty: Russiýada halkyň 1/3 bölegi Kovid-19 bilen bagly ýagdaýyň erbetleşjekdigine ynanýar, şolaryň bir bölegi öýlerinde azyk üýşürmäge başlady. 

Lenta.ru: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ermenistanyň Daglyk Garabagda basyp alan 7 aýry sebiti Azerbaýjana yzyna bermelidigini belledi. 

El Pais (Ispaniýa): Ispaniýa şu günden başlap Kovid-19 sebäpli umumy karantine girýär, diňe ýurdyň Balear adalary, Kanar adalary, Galisiýa we Ekstremadura sebitleri karantine girmez. 

El Mundo (Ispaniýa): Hünärmenler: "Kovid-19-yň Italiýadan gelen we Ispaniýada mutasiýa sezewar bolan görnüşi, Ýewropada 2-nji tolkunyň döremegine sebäp boldy" diýip mälim etdiler. 

Le Monde: Fransiýada Kovid-19 bilen baglanşykly täze üýtgeşmeler durmuşa geçirilýär: Iň köp 1 sagat syýahat edip bolar, mekdeplerde goşmaça çäreler görüler we uzakdan onlaýn işlemeklik ýola goýular. 

Les Echos: Kovid-19 epidemiýasynyň ýaňadandan ýaýbaňlanmagy, ýylyň ahyrynda Fransiýadaky ykdysady işlere 0,5 göterim ýaramaz täsir ýetirip biler. 

ard.de: Ýewropa Bileleşigi Kovid-19-a garşy bilelikde hereket etmek barada karar kabul etdi. 



Degişli Habarlar