Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1480670
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

“Le Parisien” gazeti, täze görnüş koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli Fransiýanyň paýtagty Parižde şu günden başlap ir sagat 08.00-dan başlap Parižde maskasyz köçä çykmagyň gadagan edilendigini ýazýar.

“Le Figaro” “Ankara Ortaýer deňizinde täze deňiz türgenleşigini geçirjekdigini mälim etdi we Fransiýany günäkärledi” diýip belleýär.

“Le Monde” Fransiýada koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy sebäpli käbir şäherlerde köçä çykmagyň gadagan edilip bilinjekdigini nygtaýar.

“Elraýa” Kataryň, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde Gaza kömek bermäge dowam edýändigini mälim edýär.

“Eldustour” BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň, Liwandaky wagtlaýyn harby toparynyň çägindäki esgerleriň sanyny azaltjakdygyny habar berýär.

“Elgudus” Larusa tupanynyň ABŞ-da ýarym million adama ýaramaz täsirini ýetirendigini ýatladýar.

“Die Presse” NATO-nyň Gündogar Ortaýer deňizinde dargynlygyň has möwjemezligi üçin tagalla edýändigini mälim edýär.

“Tagessjhau.de” Ortaýer deňizindäki dartgynlyk meselesinde Ankaranyň pozisiýasynyň erbet däldigini belleýär.

“Infobae” Kolumbiýanyň geljek hepdeden başlap ýurtda syýahatçylygyň janlandyrylmagy üçin täze meýilnamany durmuşa geçirjekdigini nygtaýar.

“Telesur” gazeti, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň, 1 adamyň iki gezek koronawirusa ýolugyp biljekdigi barada duýduryş berendigini nygtaýar.

“Prensa Latina” Çililileriň esasy böleginiň Kowid-19-a garamazdan oktýabr aýynda geçiriljek ähli halk sese goýulşygyna gatnaşjakdygyny ýazýar.

“Lenta.ru” Ukrainanyň, Belarus bilen edýän ähli gatnaşyklaryny saklandygyny habar berýär.

“RIA Nowosti”  Belarusyň ozalky Respublika Geňeşiniň başlygy Stanislaw Suşkewiçiň, rus diliniň ýurduň resmi dillerinden çykarylmagyny teklip edendigini mälim edýär.

“Izwestiýa” Minskde geçirlen protest ýörişlerinde saklanan rus žurnalistleriniň boşadylandygyny belleýär.

 

 



Degişli Habarlar