Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1474875
Daşary ýurt metbugatyna syn

Ispaniýada çap edilýän “La Wanguardiýa” gazeti, Ispaniýanyň demirgazygynda ýerleşýän Baskda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigini ýazýar.

Ispaniýanyň “ABC” gullugy, Kubanyň, koronawirus kesellileriniň bejergisi üçin Wenesuela 1730 lukman ugradandygyny belleýär.

Argentinanyň “İnfobae” gullugy, Wenesuelanyň merkezi bankynyň altyn ätiýajynyň aşaklandygyny nygtaýar.

“Die Weltr” Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkele görä, “täze görnüş koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň artmagy aladalandyryjy emma gözegçilik astynda” diýýär.

“Doçe Wella” Germaniýanyň Daşary işler ministri Maaskyň Liwiýada durnukly ýaly görünýän ýagdaý meselesinde duýduryş berendigini aýan edýär.

“Al Gudus Al Arabi” ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň körekeni we kömekçisi Kuşneriň,  Saud Arabystanyny Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin höweslendirýändigini nygtaýar.

Kataryň “Al Jazira” kanaly, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň “Demokrat dalaşgär Jo Baýden, Prezident R. T. Erdogan ýaly liderler bilen işleşip bilmez” diýen sözlerine ünsi çekýär.

Katarda çap edilýän “Al Raýa Al Katariýe” gazeti, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Faýiz Al Sarraj we Kataryň Goranmak ministri Halid Bin Muhammed Al Atiýýäniň Liwanyň paýtagty Tripolide Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny ýazýar.

“RBK” habarlar saýtdy: “Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowaka koronawirusa ýolukdy” diýip ýazýar.

“Ria Nowosti” habarlar gullugy: “Belarusda prezident saýlawynda ýaňadandan üstün çykan Aleksandr Lukaşenko oppozisiýa sesleriň gaýtadan sanalmagyny teklip etdi, emma kabul edilmedi.”

“İzwestiýa” gazeti: “ABŞ ýadro ýaraglaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça Russiýadan we Hytaýdan yzda galandygyny çaklaýar” diýip ýazýar.

“La Parisien” gazeti: “Kowid-19: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron raýatlary wirus meselesinde ünsli bolmaga çagyrdy.”

 

 



Degişli Habarlar