Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1467490
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

“ARD.de” Germaniýanyň Türkiýe üçin beren syýahat duýduryşyny 4 welaýat üçin bes edendigini ýazýar.

“ZDF.de” Germaniýada Demirgazyk Ren we Westfalýa welaýatlarynda mekdeplerde maska dakmagyň mejbury ýagdaýa getirlendigini belleýär.

“Doçe Welle” Germaniýanyň Lukmanlar bileleşiginiň başlygynyň, Germaniýada täze görnüş koronawirus epidemiuasynda ikinji tolkunyň başlandygy hakyndaky sözlerine ünsi çekýär.

“Al Guds Al Arabi” Ysraýylyň, Beýrutda bolan partlama bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdygyny mälim edendini belleýär.

Katarda çap edilýän “Al Raýe Al Katariýe”, Liwanyň paýtagty Berýurduň apat zolagy hökmünde yglan edilendigini ýazýar.

Wenesuelada çap edilýän “Telesur” gazeti, Liwanyň Prezidenti Mişel Awnyň, Berýurtda bolan partlama sebäpli “milli ýas” yglan edendigini habar berýär.

Belgiýada çap edilýän “Le Soir” gazeti, Beýrutda bolan partlama sebäpli Belgiýanyň ilçihanasyna uly zeper ýetirlendigini, Belgiýanyň Daşary işler ministri Goffiniň Liwana ýardam bermegi teklip edendigini belleýär.

Fransiýada çap edilýän “Le Parisien” gazeti, Fransiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli käbir şäherde maskasyz daşary çykmagyň gadagan edilendigini ýazýar.

“Frans-24” Marsilýada bolan ýangynda 800 gekdarlyk meýdanyň ýanyp kül bolandygyny, 1200 adamyň başga ýere göçürlendigini nygtaýar.

“TASS” habarlar gullugy, Prezident R. T. Erdoganyň, Liwanyň Prezidenti Mişel Awn bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we liwanly kärdeşine Beýrutda bolan partlama sebäpli gynanç bildirendigini we Türkiýäniň ähli taraplaýyn kömek bermäge taýardygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.

“RIA Nowosti” habarlar gullugy, Russiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň, Belarusda geçiriljek prezident saýlawyna synçy ugratmakdan ýüz öwürendigini habar berýär.

 

 

 



Degişli Habarlar