Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt habar beriş serişdeleri dünýäniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1451122
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Şentop ýaňadandan TBMM-nyň başlyklygyna saýlandy. Adalat we ösüş partiýasynyň Tekirdag welaýatyndan deputaty Mustafa Şentop, TBMM-da geçirilen saýlawda 328 deputatyň sesini alyp ýaňadandan TBMM-nyň başlygy wezipesine saýlandy.

ard.de: ABŞ Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň düzüminden resmi ýagdaýda çykdy. 

Stern.de: ABŞ-nyň Prezidenti Donlad Trampyň tarapdarlary azalýar. 

Al-Raýa Al-Katariýa (Katar): BMG: "Siriýada adamlaryň ýaşamaga dowam etmegi, Türkiýeden gelýän ynsanparwer ýardamlara baglydyr" diýip belledi. 

Watan (Oman): Yrak, strateg hünärmeni Al-Haşiminiň janyna kast edenleriň tapyljakdygyny nygtady. 

El-imaret el-ýaum (BAE): ABŞ Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň düzüminden resmi ýagdaýda çykdy. 

El Pais: Hökümet garrylar öýlerindäki ýogalanlaryň sanynyň 27 müň 359 adamdygyny aýdýar, emma ýurdyň ençeme şäherindäki görkezijileriň takyk bolmanlygy sebäpli ony resmi ýagdaýda aýan etmeýär. 

TeleSur: Ispaniýanyň Formula 1 sürüjisi Fernando Alonso, 2021-nji ýylda Formula 1 ýaryşlaryna gaýdyp geler. 

France 24: Fransiýada Žan Kasteksiň ýolbaşçylygynda gurulan täze hökümetiň ilkinji Ministrler kabinetiniň mejlisi geçirildi. 

Le Monde: Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru koronawirus testiniň položitel çykandygyny aýan etdi. 

Le Figaro: ABŞ Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň düzüminden resmi ýagdaýda çekildi. 

RBK habar saýty: Hytaý, Russiýanyň we ABŞ-nyň arasyndaky strategik ýaraglaryň azaldylmagy bilen bagly gepleşiklere, ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny Hytaýyň derejesine çenli azaltsa gatnaşjakdygyny beýan etdi. 

Lenta.ru habar saýty: Roskosmos edarasynyň başlygynyň maslahatçysy Iwan Safronow, Çehiýanyň adyndan içalylyk etmek aýyplamasy bilen tussag edildi. 

TASS habarlar agentligi: Russiýa we Hytaý, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine Germaniýa we Belgiýa tarapyndan hödürlenen "Siriýa ynsanpewer kömekleriň päsgelçiliksiz ýetirilmegi" atly kanun taslamasyny weto etdi. 



Degişli Habarlar