Daşary ýurt metbugatyna syn

Daşary ýurt habar beriş serişdeleri dünýäniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1447690
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Kuds Al Arabi: Saud Arabystanynyň öňbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleri Ýemendäki Husilere garşy operasiýa başlatdy. 

Al-Raya (Katar): Efiopiýa: Aýdymçy Hashalu Hundisanyň janyna kast edilmegini protest etmek üçin geçirilen demonstrasiýalarda 50 adam ýogaldy. 

Addustour (Iordaniýa): Britaniýanyň Premýer ministri Jonson: Günbatar Şerianyň anneksiýa meýilnamasy iňlisleriň halkara forumlarda Ysraýyla berýän goldawyna böwet bolar. 

Le Parisien: Fransiýada salgyt galplygy: Döwlet 2019-njy ýylda 12 milliard ýewrony yzyna aldy, bu bir rekord. 

Le Figaro: Fransiýada hökümetiň düzümine üýtgeşmeler girizildi: Fransuzlaryň 57 göterimi ýurdyň häzirki Premýer ministri Eduard Filippiň, Premýer ministr wezipesinde galmagyny isleýär. 

Le Monde: Fransiýada uniwersitetler: Ýokary geňeş daşary ýurtly talyplardan has köp pul alynmagyny tassyklady. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Koronawirus krizisi Germaniýada iýun ýynda işsiz adamlaryň sanynyň artmagyna sebäp boldy. 

dpa: Volkswagen koronawirus sebäpli Türkiýede fabrik gurmak meýilnamasyny togtatdy. 

spiegel.de: Türkiýe syýahatçylyk duýduryşynyň bes edilmegini isleýär-Türkiýäniň iki ministri şu gün Berline geldi, syýahatçylyk bilen bagly duýduryşyň aýrylmagyny maslahatlaşarlar. 

El Espektador (Kolumbiýa): Meksikada gyrgynçylyk: Saglygy dikeldiş merkezleriniň birinde 24 adam öldürildi. 

El País (Ispaniýa): Urugwaýyň Daşary işler ministri Ernesto Talwi, ýurdunyň Merkosur guramasynyň wagtlaýyn başlygy wezipesinden çekildi. 

Infobae (Argentina): Wenesuelada krizis: Ýurtda 77 ýylyň iň pes nebit eksporty amala aşyryldy. 

TASS: Konstitutsiýa üýtgeşiklikler we düzedişler girizmek bilen bagly referendumda ruslaryň 77,93 göterimi täze gollanmalary goldady. Sesleriň 99,9 göterimi sanaldy. 

RIA Nowosti: Pelosi, Taliban bilen ylalaşyk baglaşanlygy üçin Russiýa täze sanksiýalaryň girizilmegini teklip etdi. 

Lenta.ru: ABŞ-nyň täze sanksiýalarynyň "Demirgazyk Akym-2" taslamasyna çykdajysy hasaplandy: 700 million ýewro. 



Degişli Habarlar