Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibini ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1442365
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Nemes wirusolog koronawirusyň 2-nji tolkunynyň bolup biljekdigi barada duýduryş berdi. 

Frankfurter Allgemeine Zeitung: Germaniýa 1-nji iýuldan başlap ÝB-nyň döwürleýin başlyklygyny öz üstüne alar: Tamalar uly. 

Bild.de: Horwatiýanyň plažlarynda akula howsalasy başdan geçirilýär. 

Le Monde: Kovid-19-a garşy alynyp barylýan sanjym bilen bagly ýaryş örän çekeleşikli we laboratiýalaryň arasyndaky kömekler ýeterlik derejede däl. 

France 24: ABŞ-da Kovid-19-a ýolugan adamlaryň sanynda uly artyşlar bar. Koronawirus sebäpli Latyn Amerikada ýogalanlaryň sany 100 müňe ýetdi. 

Le Parisien: Fransiýada Polisiýa gullugynyň işgärleriniň eden-etdiligi babatynda 1 million adam tarapyndan gol çekilen hat Prezident Emmanuel Makrona ugradyldy. 

Al Jazeera: Siriýanyň hökümeti Ysraýylyň Hamada, As-Suwaýda we Deýr-ez-Zordaky hüjümlerinde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygyny habar berdi. 

Addustour (Iordaniýa): Araplaryň Daşary işler ministrleri Liwiýanyň birligine, özygtyýarlylygyna we territorial bütewiligine baglydyklaryny tassykladylar. 

El Mundo (Ispaniýa): Koronawirusa garşy görülýän çäreler sebäpli Balear adalaryndaky 10 myhmanhananyň diňe 4-i açylar. 

Telesur (Wenesuela): BMG-den bir komissiýa, Wenesuelada Kovid-19-a garşy görülen çäreleri ýerinde gözegçilik etmek üçin bu ýurda bardylar. 

Rossiýskaya Gazeta: Şu gün Moskwada Ýeňiş güni mynasybetli harby ýörüş geçirilýär. Russiýa döwrebap harby enjamlaryny sergilär. 

Lenta.ru habar saýty: Germaniýa 22-nji iýunda Russiýa ýadronyň ýüzlerçe tonnalyk galyndylaryny ugratdy. 

1. Kanal: Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putinden 2024-nji ýyldan soňky ýyllar üçin dalaşgärligi bilen bagly yşarat geldi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar