Daşary ýurt metbugatyna syn
Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär
Le Soir: Koronawirus: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän habaryna görä, dünýä derejesindäki ýagdaý has hem erbetleşýär.
France 24: Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki Eýfel minarasy 25-nji iýunda açylar.
Le Monde: ABŞ-da polisiýa işgäriniň eden-etdilgi netijesinde ýogalan Jorj Floýd jaýlandy. Donald Tramp bu babatda hiç hili beýanat bermedi.
Al Kuds Al Arabi: Ysraýylyň Ýokary kazyýeti, palestinalylara degişli hususy ýerleri almak baradaky kararyň ýurduň konstitutsiýasyna ters gelýändigini nygtady.
Al-Dustour (Iordaniýa): Koronawirus: Palestinada aralarynda çagalar hem bolan ýene-de 7 adamyň koronawirusa ýolugandygy anyklandy. Liwiýada bolsa daşary ýurtlardan ýurda gaýdyp gelen raýatlar bilen birlikde koronawirusa ýolugan adamlaryň sanynda artyş bellige alyndy.
Al-Raya (Katar): Katar, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Wan welaýatynda asuda ilaty daşaýan awtobusy nyşana alyp guran hüjümini ýazgardy we Türkiýä gynanç bildirdi.
Deutsche Welle: Ýaşyllar partiýasy, Germaniýanyň konstitutsiýasynda bar bolan jyns sözüniň çykarylmagyny talap etdi.
Börsen-Zeitung.de: Gresiýa we Italiýa Ortaýer deňizinde Erkin ykdysady zolagyň döredilmegi barasynda ylalaşdylar.
Tagesschau.de: Germaniýanyň ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýän eksportda Kovid-19 bilen bagly soňky 70 ýylyň iň pes görkezijileri bellige alyndy.
Klarin, Argentina: Pan Amerikan Saglygy goraýyş guramasy, iýun aýynyň Günorta Amerika üçin Kovid-19-a garşy göreşde tankydy bir aýdygy barada duýduryş berdi.
La Wanguardia, Ispaniýa: Ispaniýada Täze kadaly etap bilen bagly çap edilen kararnamada sosial araçäk 1,5 metre çenli azaldyldy.
RIA Nowosti Agentligi: Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýada koronawirus epidemiýasy bilen bagly görkezijileriň azaldylyp görkezilýändigi bilen bagly tankydy belliklere jogap berdi.
Izwestiya Gazedi: Rus senator Alekseý Puşkow, Russiýany duşman bir ýurt hökmünde kabul etmegi pikir edýän Rumyniýanyň, ABŞ-nyň Russiýanyň agressiwligi bilen baglanşykly ýasama we lenç edilen tezislerini gaýtalaýandygyny belledi.
TASS Agentligi: Russiýa pandemiýanyň emele getirjek krizisden soň, iň çalt dikeljek 5 ýurdyň biri bolar.