Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1430115
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Kuds Al Arabi (Saud Arabystany-Britaniýa): ABŞ-da polisiýa işgäri tarapyndan öldürilen Jorj Floýd üçin Minneapolis şäherinde jynaza çäresi geçirildi.

Al Raýa Al Katariýýe (Katar): Katar, koronawirus sebäpli özüniň we dünýäniň başyndan geçirýän adatdan daşary ýagdaýa garamazdan DAIŞ-e garşy göreşde tutanýerli. 

Al Jazeera (Katar TV): Asada tabynlykdaky güýçleriň Hama welaýatyndaky ýerlerine Ysraýyl tarapyndan howa hüjümleri guraldy. 

Deutsche Welle: Koronawirusyň ýaramaz täsiriniň astynda geçirilen Global Sanjym maslahatynda sanjym oýlap tapmak we ösmedik ýurtlardaky sanjym programmalary üçin 8 milliard ýewro çeşme bölüp bermek göz öňünde tutulýar. 

Stern.de: Adam hukuklary guramasynyň wekilleri ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa garşy demonstrantlara garşy polisiýa güýçleriniň ulanylmagy sebäpli kazyýete ýüz tutarlar. 

Süddeutsche Zeitung: Braziliýa dünýä derejesinde Kovid-19 sebäpli adam ýitgisiniň iň köp bolan 3-nji ýurdy. 

El Pais (Ispaniýa): Hytaýdaky ýerganatlarda täze görnüş koronawirusa gabat gelindi. 

Le Soir (Belgiýa): Polisiýa we rasizm: Fransiýa hem öz gezeginde inkär etmekden ýüz öwürmeli. 

France 24: Wenesuela: Ministrleriň biriniň berýän habaryna görä, oppozisioner syýasatçy Huan Guaýdo, Fransiýanyň Karakas şäherindäki ilçihansynda gizlenýär. 

Le Monde: Pandemiýa dünýä çeşmeleriniň ulanylmagy üçin 3 hepdelik arakesme berdi. 

TASS habarlar agentligi: Russiýanyň Goranmak ministrligi, koronawirus sanjymy synagdan geçirmek üçin ilkinji meýletin topary saýlady. 

Interfaks habarlar agentligi: Russiýanyň Norilsk derýasyndaky ýangyjy arassalamak üçin turba geçirilmegi göz öňünde tutulýar. 


Etiketkalar: #habar , #metbugat , #dünýä

Degişli Habarlar