Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1424200
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Kuds Al Arabi: Pariž: "Günbatar Şerianyň islendik ýeriniň anneksiýa edilmegi jogapsyz galmaz" diýip belledi. 

Al Kuds Al Arabi: Liwiýanyň Milli Ylalaşyk hökümetiniň goşuny BAE degişli bir sowutly ulagy ýok etdi we Haftere degişli harby ulaglary ele saldy. 

Al Jazeera: Liwiýada rus harby uçarlarynyň orta çykmagyndan soň, ABŞ Russiýa Siriýa tejribesiniň ýaňadandan başlanmagyna garşy duýduryş berdi. 

Le Parisien: Koronawirus: 15 müň fransuzy ýurda gaýdyp getirmek üçin Pariž uçar saparlaryny artdyrýar. 

Le Monde: Çagasy ýogalan halatynda beriljek rugsat günleriniň köpeldilmegi baradaky taslama Fransiýanyň mejlisinde sesleriň köplügi bilen kabul edildi. 

Deutsche Welle: Germaniýanyň komandos güýçlerinde aşa sagjylar artýar. 

Tagesschau.de: Germaniýanyň iň uly howa ýollary kärhanasy Lufthansa 9 million ýewrolyk halas ediş bukjasy. 

Die Nachrichten: Germaniýanyň parlamendi Ýewropanyň 31 ýurduna berilen syýahatçylyk duýduryşynyň aýrylmagy bilen bagly kararyň möhledini yza süýşürdi. 

El País (Ispaniýa): Covid-19 Sebäpli emele gelen organ ýetmezçilikleriniň bejergisi üçin hassahanalarda ýörite bölümler dörediler. 

La Jornada (Meksika): Braziliýada wirusa ýolugýan adamlaryň gündelik sany ABŞ-nyňkydan geçdi. 

La Tercera (Çili): Waşington uniwersitediniň geçiren ylmy-derňewine görä, Çilide koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany awgust aýynda 11 müň 970-e ýetip biler. 

TASS (Russiýa): Russiýa Federasiýasynyň Çuwaşiýa Respublikasynyň ozalky Prezidenti, wezipesinden çetleşdirilmegine nägilelik bildirip, Russiýanyň Ýokary Kazyýetine ýüz tutdy.

RIA Nowosti (Russiýa): Adamlary öýlerinden çykyp ybadathanalara çagyran Russiýanyň Ural sebitindäki bir ruhany, dini çäre geçirmekden uzaklaşdyryldy. 

Izwestiýa (Russiýa): Moskwanyň Wnukowo howa menzilinde koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeler tapgyrlaýyn häsýetde ortadan aýrylmaga başlandy. 


Etiketkalar: #metbugat , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar