Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1412660
Daşary ýurt metbugatyna syn

zdf.de: Germaniýada koronawirusa garşy görülen çäreleriň gowşadylmagynyň çäginde ähli dükanlar açylar. 

Welt: Germaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 7 müň adama golaýlady. 

Deutsche Welle: Germaniýada federal hökümetiň we welaýat wekilhanalaryň geçiren maslahatlarynda öňüni alyş çäreleriň gowşadylmagy bilen bagly kararlar kabul edildi. 

France 24: Kovid-19: Karantin möhlediniň ortadan aýrylmagyndan gysga wagt ozal, Fransiýa 2-nji bir tolkunyň emele gelmegine alada bildirýär. 

Le Monde: Dünýäde koronawirus: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa görä bu krizis "Pearl Harbordan" has erbet. 

Alkuds Alarabi: Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy koronawirusyň ýüze çykan çeşmesini anyklamak üçin Hytaýa 2-nji wekiliýet ugratmagy pikir edýär. 

Aljazeera.net: ABŞ-da soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýene-de 2000-den gowrak adam ýogaldy. Dünýä derejesinde koronawirusa ýolugan adamlaryň sany 3 million 800 müňden geçdi. 

Alwatan (Kuweýt): Yragyň parlamenti täze hökümete ynam bildirdi. 

La Vanguardia (Ispaniýa): Ispaniýada koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sanynda azalma bellige alyndy. 

El Klarín (Argentina): Braziliýada rekord: Bir günde 614 adam ýogaldy, 10500 adam wirusa ýolukdy. 

Telesur (Wenesuela): Wenesueladaky ýaragly hüjümiň maksady ýurdyň Döwlet baştutany Nikolas Madurony zamun alyp Amerika alyp gitmekdi. 

Tass: Belarussiýanyň Daşary işler ministrligi, ýurtda koronawirus bilen baglanşykly habar taýarlan Russiýanyň Döwlet kanalynyň akkreditasiýasyny ýatyrdy. 

Izwestiya: ABŞ-da bir termoýadro bombanyň Moskawanyň üstüne atylýandygy simulýasiýa edildi. 


Etiketkalar: #metbugat , #gazet , #dünýä

Degişli Habarlar