Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1398537
Daşary ýurt metbugatyna syn

El Mundo (Ispaniýa): Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançez, adatdan daşary ýagdaýyň möhledini 3-nji gezek uzaltmak üçin üçin 22-nji aprelde mejlisde çykyş eder. 

El País (Ispaniýa): Halkara Pul gaznasy Ispaniýanyň ykdysadyýetiniň şu ýyl 8 göterim peseljekdigini we işsizligiň sanynyň 20,8 göterime çykjakdygyny belleýär. 

Infobae (Argentina): Karantin günlerinde ýangyç ýetmezçiligi, Wenesuelanyň köçelerinde haos döretdi. 

France 24: Adam hukuklaryna gözegçilik guramasy (Human Rights Watch) Gresiýa, göz tussaglygyndaky bosgun çagalaryň azat edilmegi barada çagyryş berdi. 

Le Soir: Garward uniwersitediniň ylmy işgärlerine görä, sosial araçägi goramak düzgüni 2022-nji ýyla çenli gerek bolar. 

Le Parisien: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, koronawirus epidemiýasy sebäpli günäkärlän Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna berilýän puly duruzandyklaryny habar berdi. 

Kommersant: Russiýada koronawirusa ýolugan adamlaryň 30 göteriminiň hiç hili simptomlary ýok. 

TASS: Çarşenbe gününden başlap Moskwa sebitinde, şahsy we köpçülikleýin transportlarda syýahat etmek üçin rugsat almak ulgamy işlemäge başlar. 

Lenta.ru: Gazagystanda hassahanalaryň birinde lukmanlaryň köpçülikleýin ýagdaýda koronawirusa ýolukmaklaryndan soň, hassahananyň baş lukmany wezipesinden çetleşdirildi. Hassahananyň işgärleriniň 147-si koronawirusa ýolukdy. 

Al Şark Al Awsat (Saud Arabystany-Britaniýa): ABŞ-da koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 2 müň 200 adam ýogaldy. 

Al Kudus Al Arabi: Russiýa ýaraglandyrylan käbir siriýalylary Hafteriň düzüminde söweşmekleri üçin Liwiýa ugratmaga taýarlanýar. 

Al Raya Al Katariýe (Katar): Katar F-15 kysymly harby uçarlaryny, ilkinji gezek uçuş synagyndan geçirýär. 

DW: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna berilýän pullary duruzdy. 

Der Spiegel (Žurnal): Robert Koç instututy, Germaniýada koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeleriň görülmäge başlanandygyny belledi, emma düzgünleriň berjaý edilmäge dowam edilmegini isledi. 


Etiketkalar: #metbugat , #ABŞ , #Russiýa , #agentlik

Degişli Habarlar