Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1397752
Daşary ýurt metbugatyna syn

Deutsche Welle: Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, koronawirus krizisinde hökümet tarapyndan girizilen düzgünleri berjaý edýän raýatlara minnetdarlyk bildirdi. 

Tagesschau.de: Koronawirusa garşy göreş: ABŞ-nyň Prezidenti Tramp giýç galmak bilen günäkärlenýär. 

Welt.de: Koronawirus krizisi: Gresiýadaky myhmanhanalaryň 2/3 bölegi batmagyň bosagasynda. 

La Wanguardia, Ispaniýa: Kataloniýada we beýleki 7 awtonom sebitde, iş ýerleri tapgyrlaýyn häsýetde açylmaga başlandy. 

Infobae, Argentina: Boliwiýanyň ozalky Prezidenti Ewo Morales koronawirus bilen baglanşykly: "Hytaý, ýekeje hem ýarag ulanmadan III Jahan urşynda ýeňiş gazandy" diýip belledi. 

Alşark Alawsat: Ýewropa koronawirus bilen baglanşykly çäklendirmelerini azaldýar. ABŞ bolsa aljyraňňy ýagdaýda. 

Alkudus Alarabi: Liwiýada Tropoliniň hökmeti ýurdyň paýtagtynyň günbataryndaky 6 strategik şäheriň gözegçiligini ele geçirdi. 

Aljazeera.net: Koronawirusa ýolugan adamlaryň sany 2 milliona golaýlady. Hytaý ýene-de 2 sany sanjym synagyny geçirýär. 

Le Parisien: Koronawirus: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron karantiniň möhledini 11-nji maýa çenli uzatdy. 

Le Figaro (Fransiýa): Mekdepler, koležler we liseýler 11-nji maýdan başlap tapgyrlaýyn häsýetde açylar.

Le Monde: Fransiýada koronawirus sebäpli takmynan 15 müň adam ýogaldy. 

Gazete.ru:  Türkiýäniň raýatlaryna şu hepdäniň ahyrynda köçä çykmak gadagan ediler.  

TASS:  ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ýekşenbe güni Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň örän netijeli geçendigini beýan etdi. 


Etiketkalar: #koronawirus , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar