Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1395271
Daşary ýurt metbugatyna syn

Le Soir:  Nýu-Ýorkda koronawirus sebäpli ýogalan adamlary jaýlamak üçin köpçülikleçin mazarlar gazylýar. 

France 24: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, koronawirus bilen baglanşykly işler geçirýän professor Didýe Raul bilen duşuşyk geçirdi. 

Le Parisien: Karantin günlerinde Londondan hususy uçar bilen gelen adamlary polisiýa işgärleri Fransuz riwýerasyna gönükdirýär. 

Al Raya (Katar): Siriýa: Asada tabynlykdaky güýçlerden we onuň hyzmatdaşlaryndan bolan 18 adam, terror guramasy DAIŞ-iň hüjüminde öldürildi. 

AL Jazeera: 14 ýyllyk gabawa garamazdan Gazada 2 hepdäniň dowamynda 1000 karantin otagy bolan hassahana gurulyp, ulanylmaga berildi. 

Al Kudus Al Arabi: Saud Arabystany we Russiýa, ABŞ-nyň basyşy netijesinde, nebit önümçiligini ozal görülip-eşidilmedik derejede azaltmak barada karar kabul etdiler.  

Al Şark Al Awsat: Koronawirus: Iordaniýanyň hökümeti, ýurtda koronawirusa ýolugan ilkinji adamyň saglyk ýagdaýynyň gowulaşmagyna garamazdan şu günden başlap karantin düzgünini girizer. 

El País (Ispaniýa): Koronawirus epidemiýasy, 2019-njy ýylda başdan geçirilen grip keselinden 5 esse köp adam ýitgisine sebäp boldy. 

El Mundo (Ispaniýa): ÝB, koronawirusa garşy 500 milliard ýewrolyk howpsyzlyk tory we täzeden dikeltme gaznasy bilen bagly ýardamy kabul etdi. 

Telesur (Wenesuela): Wenesuelanyň Daşary işler ministri Horhe Arreasa, ABŞ-nyň Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň ýurduna garşy girizen birtaraplaýyn häsýetdäki sanksiýalaryny aýyrmagy ret edendigini habar berdi. 

Deutsche Welle: Gresiýada bosgunlaryň galýan çadyr düşelgelerde 28 adam koronawirus bilen keselledi. 

Zeit Gazetesi: Awstriýa Pasha baýramyndan soň, koronawirusa garşy görülen çäreleri gowşatjakdygyny mälim etdi. 

Die Welt: Geçirilen derňewe görä pişiklere koronawirus ýokmak ähtimallygy itlere garanyňda has ýokarydygy aýan boldy. 

TASS: Putin, COVID-19-a garşy lukmançylyk enjamlarynyň we derman önümçiliginiň artdyrylmagy barada buýruk berdi. 

Lenta.ru: Russiýa we Saud Arabystany, nebit önümçilgini azaltmak üçin beýleki birnäçe ýurt bilen ylalaşyk gazandy. 

RIA Nowosti: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin we Saud Arabystanynyň Şasy Selman bilen gowy gürrüňdeşlik geçirendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar