Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1394559
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Jazeera: Koronawirus Saud Arabystanynyň şa maşgalasyna hem syçyrady, onlarça adama wirus ýokdy we Şa Salman özüni adalaryň birinde izolirledi.

Al Al Kuds Al Arabi: Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçler, penşenbe gününden başlap 2 hepdelik möhlet bilen Ýemendäki harby operasiýalaryny bes etýändigini habar berdi. 

Al Kuds Al Arabi: ABŞ-nyň hökümeti, ýurtda koronawirusyň zyýan ýetiren ýerleriniň biri bolan Nýu-Ýork ştatynyň ýerine, Ysraýylyň goşunyna 1 million lukmançylyk maskasyny ugratdy. 

Merkur.de: COVID-19: Germaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 2000 adamdan geçdi. 

Stern.de: Korona-krizisi: Federal Kansler Merkeliň tagallasy bilen Germaniýa üçin Hytaýdan 8 million maska getiriler. 

dpa: Bütindünýä Söwda guramasy dünýädäki söwdanyň koronawirus krizisi sebäpli şu ýyl 32 göterim peseljekdigini çak edýär. 

Le Figaro: Fransiýa Afrika ýurtlaryna koronawirusa garşy göreş üçin 1,2 milliard ýewrolyk ýardam berer. 

Le Monde: Koronawirus: Ýogalan adamlaryň sanynyň 11 müňe golaýlan Fransiýada, erkin ýagdaýda gezelenç etmegi gadagan edýän kararyň möhledi uzadylar. 

Le Parisien: Covid-19: Fransiýadaky tussaghanalardaky tussaglylaryň sany 8000 adam azaldy. 

El Mundo (Ispaniýa): Yzly-yzyna 2 günde 2000 adamyň ýogalmagy bilen ABŞ-däki ölüm görkezijileri Ispaniýaňkydan geçdi. 

EL Klarin (Argentina): Argentinada gubernatorlar karantiniň möhlediniň maý aýyna çenli dowam etmegini isleýärler. 

RBK habar saýty: Russiýa OPEK we gurama agza bolmaýan beýleki ýurtlar bilen nebit önümçiliginiň 14 göterime çenli azaldylmagy meselesini maslahatlaşar.  

Lenta.ru habar saýty: Moskwada ýene-de 7 adam koronawirus sebäpli ýogaldy. Russiýada koronawirus sebäpli 63 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 8672 adama ýetdi. 

RT habar saýty: Ýurdyň Premýer ministri Mişustin koronawirusyň döwlet býijetine uly zyýan ýetirip biljekdigini habar berdi. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar