Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1381878
Daşary ýurt metbugatyna syn

Bild.de: ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, koronawirus sebäpli G7 Liderler maslahatyny goý bolsun etdi. G7 liderler maslahatynyň wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Deutsche Welle: Türkiýede koronawirusa garşy görülýän çäreler artdyrylýar.

Ard.de: Her 2 nemesiň 1-inde koronawirus gorkusy bar.

Aljezire.net: Koronawirus, ABŞ-ny durnuksyzlyga alyp barýar. Italiýa bolsa ýogalýan adamlaryň sany boýunça Hytaýdan geçip barýar.

Al Kudus Al Arabi: Saud Arabystany koronawirus sebäpli Käbä girmegi we ol ýerde namaz okalmagyny gadagan etmegini dowam etdirýär.

Al Watan gazedi: Sudan koronawirus simptomlary bolan 21 adamyň bardygyny mälim etdi.

El Pais, Ispaniýa: Ispaniýalylaryň ýarsy krizis sebäpli işlerinden mahrum bolmakdan gorkýar.

La Vanguardia, Ispaniýa: Kesellän müňlerçe adam sebäpli, Ispaniýa izolirlemek etabynyň möhledini uzaltmaga taýarlanýar.

Infobae, Argentina: 31-nji marta çenli ýurdyň ähli ýerinde karantin yglan edildi.

Le Monde: Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ençeme fransuzyň duýduryşlara gulak asmaýandygyny belledi.

Le Figaro: Koronawirus: Pariž epidemiýanyň iň köp zyýan ýetiren ýerine öwrüldi.

Le Soir (Belgiýa): Koronawirus: Wirusolog Mark Wan Rastyň berýän habaryna görä, epidemiýa takmynan 10 hepde dowam eder.

RIA Nowosti: Russiýada koronawirusa garşy sanjymlar synagdan geçirilmäge başlandy.  

TASS: The Wall Street Journal: ABŞ, nebit bazaryndaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin Russiýa embargo goýup biler.

Izwestiýa: Hünärmenler dünýäniň has hem elhenç epidemiýalar bilen ýüz-ýüze gelip biljekdigi barada duýduryş berýär.



Degişli Habarlar