Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1357281
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

Fransiýada çap edilýän “Le Figaro” gazeti, Prezident Emmanuel Makronyň şikeslileriň gündelik durmuşynyň ýeňilleşdirilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegini isleýändigini ýazýar.

Fransiýada çap edilýän “Le Monde” gazeti, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogar parahatçylyk meýilnamasyna garşydygyny nygtaýar.

Katarda çap edilýän “Al Raýa Al Katariýa” gazeti, Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan we 5 esgeriň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjüme Türkiýäniň berk gaýtawul berendigini mälim edýär.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän “Alşarg Alawsat” gazeti, Birleşen Arap Emirliklerinde ýene-de bir adamda koronawirsa gabat gelinendigini we şeýlelikde wirusyň ýokaşan adamlarynyň sanynyň 8-e ýetendigini belleýär.

Omanda çap edilýän “Watan” gazeti, Birleşen Arap Emirlikleriniň Katar bilen poçta hyzmatlaryny ýaňadandan başladandygyny ýazýar.

Kolumbiýada çap edilýän “El Teimpo” gazeti, Boliwiýanyň ozalky Prezidenti Ewo Moralesiň saglyk ýagdaýy sebäpli Kuba gitjekdigini habar berýär.

Wenesuelada çap edilýän “Telesur” gazeti, El Salwadoryň mejlisiniň konstitutsiýa krizisi sebäpli adatdan daşary ýagdaýda jemlenşendigini ýazýar.

“Spiegel Online” Hytaýda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň müň adamdan geçendigini habar berýär.

“Doçe Wella” Germaniýada 2019-njy ýylda musulmanlara degişli guramalara we jemgyýetlere garşy 184 hüjümiň guralandygyny aýan edýär.

“Zeit Online” Türkiýäniň İdlibde  türk esgerlerine garşy guralan hüjümden soň Asada tabynlykdaky güýçleri nyşana alandygyny belleýär.

“RIA Nowosti” Türkiýäniň, Siriýada Russiýa bilen bilelikdäki gözegçilik işlerine gatnaşmandygyny habar berýär.

“TASS” Russiýanyň Daşary işler ministrliniň metbugat sekretary Maria Zaharowanyň “Ýaponiýanyň karantin astyna alan ýolagçy gämisinde gören käbir çäreleriniň ünsleri özüne çekýändigi” hakyndaky sözlerine ýer berýär.

 



Degişli Habarlar