Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1355240
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

 Katarda çap edilýän “Al Raýa Al Katariýa” gazeti, Türkiýaniň Siriýanyň Idlib şäherinde harby güýjüni artdyrýandygyny ýazýar.

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän “Alşarg Alawsat” gazeti, Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpiniň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa “Hytaý koronawirusa garşy göreşip biljek güýje eýe” diýendigini belleýär

Omanda çap edilýän “Watan” gazeti, Yragyň, daşary ýurtly güýçleriň ýurtdan çykarylmagy baradaky tutumyny ýene-de bir gezek beýan edendigini nygtaýar.

Ispaniýada çap edilýän “El Pais” gazeti, Ispaniýanyň ABŞ-nyň Prezidenti Trampa “Söwda gatnaşyklaryndaky duşmançylyk harby hyzmatdaşlyk taýdan howply diýip” duýduryş berendigini habar berýär.

Meksikada çap edilýän “La Jornada” ABŞ-nyň Prezidenti Tramp wezipesinden çetleşdirilmekden halas boldy we oppozisiýany “hassa” hökmünde häsiýetlendirdi” diýip belleýär

“Le Monde” gazeti, Bütindünýä bankynyň aşa çişiklige garşy göreş maksady bilen käbir azyk önümlerine salgyt goýulmagyny maslahat berendigini ýazýar.

“Le Figaro” Fransiýada hormatly dynç alyşa çykjaklar hakyndaky kanun taslamasyna garşy 20-njy fewralda umumy iş taşlaýyşyn yglan edilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtatar.

“Zeit Online” BMG-nyň Idlibde çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin güýçli çagyryş berendigini belleýär.

“Die Welt” Terror guramasy Al Kaidanyň Ýemendäki lideriniň öldürlendigini mälim edýär.

“Gazeta.ru” Russiýanyň Premýer ministri Muşistiniň maşgalarynyň girdejisiniň beýan edilmegine rugsat berendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“TASS” Forbesiň iň baý ruslaryň sanawyny çap edendigini habar berýär

“Lenta rus” Britaniýanyň Russiýa goýlan sanksiýalaryň bir böleginiň ýatyrylmagy barada karar kabul edendigini ýatladýar.



Degişli Habarlar