Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1354455
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Kuds Al Arabi: Ysraýylyň harby uçarlary Gazadaky Palestina degişli ýerleri bombalady.

Al Jazeera: Koronawirusa garşy täsirli bir bejergi ýok. Hytaýda we dünýäde karantin dowam edýär, ölümler barha artýar.

Al Jazeera: Erdoganyň Damaska möhlet bereninden birnäçe sagat soň, Asada tabynlykdaky güýçler Sarakib etrabyna hüjüm gurady. Türkiýe jogap berdi.

Deutsche Welle: Siriýa krizisi: Erdogan Başar Asatdan harby güýjini yza çekmegini talap etdi.

Süddeutsche Zeitung: Türkiýäniň gündogarynda harsaň sebäpli onlarça adam ýogaldy.

La Wanguardia (Ispaniýa): Kataloniýada täze ýaşaýyş jaýlaryň bahalary 2019-njy ýylda 4,6 göterim artdy.

Infobae (Argentina): ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, wenesuelaly oppozisionerleriň lideri Huan Guaýdony AK Tamda kabul etdi.

Telesur (Wenesuela): Nikaragua rak keseline garşy göreşde eden öňe gidişliklerini aýan etdi.

Le Figaro: Fransiýada pensiýa reformasyna garşy şu gün demonstrasiýalaryň geçirilmegine garaşylýar.

Le Monde: Donald Tramp barha bölünip barýan ABŞ-de özüne garşy gozgalan işde aklandy.

Le Parisien: Golliwudyň meşhur aktýorlaryndan biri bolan Kirk Duglas aradan çykdy.

Russiýanyň habar portaly lenta.ru: Putin, hökümetiň öwrenişmek üçin wagtynyň ýokdugyny belledi.

Russiýanyň Ria Nowosti agentligi: Izwestiýa gazedi ýaşaýyş jaýlarynyň bahalarynyň 25 göterim artyp biljekdigini ýazdy.

Russiýanyň TASS habarlar agentligi: Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy, Ýaponiýadaky ýolagçy gämisindäki ruslarda koronawirusa gabat gelinmändigini habar berdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar