Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1352878
Daşary ýurt metbugatyna syn

“Doçe Welle” Prezident R. T. Erdoganyň Ukraina guran resmi saparynyň çäginde Krymyň anneksirlenmegi meselesini gün tertibine getirendigini habar berýär.

Prezident Erdogan “Türkiýe hökmünde Krymyň anneksirlenmegini ykrar etmeýändigimize ünsi çekmek isleýärin” diýdi.

“Bild.de” Germaniýada 2 adamda koronawirusyna gabat gelinendigini nygtaýar.

“Zdf.de” Siriýada, Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan howa hüjüminde esgerleriniň şehit edilmeginden soň, Türkiýäniň Asada tabynlykdaky güýçlere garşy operasiýa başladandygyny belleýär.

“Alşarg Alawsat” gazeti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirusynyň ýaýramagy hakyndaky habarlar meselesinde duýduryş berendigini ýazýar.

Wenesuelada çap edilýän “Telesur” gazeti, Wenesuelanyň hökümetiniň Hytaý bilen täze görnüşli koronawirusyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk etjekdikleri hakyndaky beýanatyna ýer berýär.

“Ria Nowosti” Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanowyň, Türkiýäniň Moskwadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mehmet Samsar bilen duşuşandygyny mälim edýär.

“Gazetem.ru” Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň, rus tussaghanalaryndaky ukrainalylaryň boşadylmagy üçin Türkiýeden kömek sorandygyny ýazýar.

“Lenta.ru” Russiýanyň koronawirusyna garşy berk çäre görýändigini we şol çäkde koronawirusly daşary ýurtlylary ýurdundan çykarjakdygyny nygtaýar.

Fransiýada çap edilýän “Le Figaro” gazeti, Saglygy goraýyş müdürüniň Fransiýada “epidemiýa ýok” diýen sözlerine ýer berýär.

Fransiýada çap edilýän “Le Monde” gazeti, Ýewropanyň çar tarapynda koronawirusy howpynyň höküm sürýändigini belleýär.



Degişli Habarlar