Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1338306
Daşary ýurt metbugatyna syn

 

“Frans 24” Žastin Trýudonyň “Ukrainanyň howa ýollaryna degişli ýolagçy  uçary Eýranyň raketasy sebäpli heläkçilige uçrady” diýen sözlerine ýer berýär.

“Liberation” gazeti, Fransiýada hormatly dynç alyşa çykjaklar hakyndaky kanuna giriziljek üýtgetmäge garşy geçirilýän protest ýörişleriniň henizem dowam edýändigini belleýär.

“Alşarg Alawsat” gazeti, Ukrainanyň ýolagçy uçarynyň Eýran tarapyndan atylan raketa sebäpli heläkçilige uçrandygy barada delileriň bardygyny mälim edendigini ýazýar.

Kanadanyň, Britaniýanyň we ABŞ-nyň razwetka gulluklarynyň hem uçaryň ýalňyşlyk bilen urlandygy barada pikir edýändigini öňe sürýär.

“Alguds Alarabi”, ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň, “Eýranyň ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasyny bombalamagy meýilleşdirendigi sebäpli Süleýmanini öldürdik” diýen sözlerine ünsi çekýär.

“Alraýa” gazeti, Eýranyň parlamentiniň, ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagony terror guramalarynyň sanawyna girizendigini habar berýär.

Kosta Rikada çap edilýän “La Nasion” gazeti, ABŞ bilen Eýranyň  arasyndaky dartgynlygyň Kosta Rika ýaramaz täsirini ýetirjekdigini nygtaýar.

Rus “Izwestiýa” gazeti, Russiýanyň, Eýran meselesinde taraplara deňagramly syýasat alyp barmaklary üçin çagyryş berendigini ýazýar.

“Handelsblatt.jom” ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyk sebäpli halkara bazarlarda altynyň bahasynyň 2013-nji ýyldan bäri iň ýokary çägine ýetendigini belleýär.

“Deutschlandtodaý” Ýewropa Parlamentiniň agzasy Aleksander Lambsdorffyň ABŞ-nyň Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin uly tagalla etmegi barada nemes hökümetine çagyryş berendigini nygtaýar.

 

 

 

 



Degişli Habarlar