Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1336953
Daşary ýurt metbugatyna syn

Katarda çap edilýän “Al Raýa Al Katariýa” gazeti, Liwiýa meselesinde Türkiýe bilen Alžiriň ylalaşyk gazanandygyny habar berýär

Saud Arabystanynda iňlis dilinde çap edilýän “Alşarg Alawsat” gazeti, ABŞ tarapyndan guralan howa hüjüminde Süleýmaniniň öldürilmeginden soň nebitiň we altynyň nyrhynyň ýokarlandygyny belleýär.

Liwanda çap edilýän “El Mustakbal” gazeti, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, “Eýran hüjüm guran halatynda degişli jogaby bereris” diýen sözlerine ýer berýär.

Ispaniýada çap edilýän “La Wanguardiýa” gazeti, Ispaniýanyň Yrakdaky esgerlerini howpsyzlyk sebäpli yzyna çagyrýandygyny ýazýar.

Ispaniýada çap edilýän “El Mundo” gazeti Huan Guaýdonyň Parlamente girmegi başarandygy sebäpli Wenesuelanyň wagtlaýyn prezidenti hökmünde kasam edendigini nygtaýar.

Kubanyň “Prensa Latina” habarlar gullugy, Braziliýanyň Prezidenti Bolsonaronyň dartgynlyga garamazdan Eýran bilen söwda taýdan gatnaşyk etmäge dowam etjekdikleri hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Le Figaro” gazeti Yragyň parlamentiniň hökümete halkara hyzmatdaş güýçleriniň ýurtdan çykarylmagy üçin çagyryş berendigini ýatladýar.

“Le Monde” gazeti, Eýranyň ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna hüjüm gurandygyny aýan edýär.

“Frans 24” “ABŞ Eýranyň medeni gymmatlyklaryny nyşana alarmy? Tramp bu meselede egilşik etdi” diýip habar berýär.

“Türkrus” habar saýty, TürkAkym taslamasynyň açylyş dabarasyna gatnaşjak liderleriň gün tertibinde Siriýa, Liwiýa we Eýran meselesiniň esasy orun eýeleýändigini habar berýär.

“Lenta. ru” Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň, Ukrainanyň howa ýollaryna degişli ýolagçy uçarynyň Eýranda heläkçilige uçramagy sebäpli daşary ýurt saparyny tamamlaman ýurduna dolanandygyny ýazýar.

“T-online” Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň, ABŞ-nyň Yrakdaky harby bazalaryna hüjüm gurandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar