Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1336206
Daşary ýurt metbugatyna syn

Welt.de:  ABŞ-Eýran krizisi: NATO adatdan daşary ýagdaýda ýygnandy.

Süddeutsche Zeitung: Ýewropa Orta Gündogarda söweşiň öňüni nädip almak isleýär.

Deutsche Welle: Gelzenkirhende bir türk raýat polisiýa işgäri tarapyndan öldürildi.

Al-Raya Al-Katariya (Katar): Prezident Erdogan: “Sebitde başdan geçirilýän hadysalaryň öňünde reaksiýa bildirmän bilmeris” diýip belledi.

Alshark Alawsat (Saud Arabystany-Britaniýa): ABŞ-nyň Goranmak ministrligi, Yrakdan çekilmek meýilnamalarynyň bolmandygyny habar berdi.

Watan (Oman): Yrak, daşary ýurtly güýçleriň ýurtdan çekilmegi bilen bagly ilkinji ädimlerini etmäge başlady. Waşington Yraga sanksiýa girizjekdigi barada hemle atdy. Londonyň Yrak babatynda belli bir meýilnamasy ýok, emma Pariž gepleşikler geçirmek üçin möhlet isleýär.

La Wanguardia (Ispaniýa): Merkezi Saýlaw geňeşiniň kararyna garamazdan Ýewropa Parlamenti saklanan Kataloniýaly syýasatçy Oriol Žunkuerasy Ýewropa parlamentary hökmünde kabul etdi.

LaSexta (Ispaniýa): Pedro Sançez, hökümetiň başyna geçmek üçin syýasy karýerasynyň iň möhüm saýlawy bilen ýüz-ýüze.

La Boliwiýa (Boliwiýa): Boliwiýa täze Prezidentini 3-nji maýda saýlar.

Le Figaro (Fransiýa): Hormatly dynç alyş reformasy: kärdeşler arkalaşygy bilen hökümetiň arasyndaky gepleşikler ýaňadandan başlar.

France 24 (Fransiýa): ABŞ-nyň goşuny ýalňyşlyk bilen Yrakdan çekiljekdigini beýan etdi, soň bolsa beýanatynyň nädogrydygyny nygtady.

Libération (Fransiýa): Eýran krizisi bilen Breksitiň arasynda Boris Jonson akrobatlyk edýär.

RIA Nowosti Agentligi: Russiýanyň ähli ýerini adatdan daşary ýagdaýda yssy howa gaplady. Sibirde hem howanyň derejesi adaty bolmalysyndan 20 gradus ýokarda.

Izwestiýa gazedi: Putin Ortodoks hristian älemini roždestwo bilen gutlady.

Rossiyskaya Gazeta: Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Eýranyň Baş ştabynyň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Ýolbaşçylar telefon söhbetdeşliginde sebitdäki hadysalary ara alyp maslahatlaşdylar.


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar