Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1335482
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al-Raya Al-Katariya (Katar): Üçünji Jahan urşunyň peltesi Yrakdamy ýanar?

Alşark Alawsat (Saud Arabystany-Britaniýa): Yrakly demonstrantlar, Eýranyň we ABŞ-nyň basyp alyjylygynyň bes edilmegini isleýär.

Watan (Oman): Eýranyň Ynkylap goragçylaryna degişli Iýerusalim güýjüniň serkerdesi Kasym Süleýmaniniň öldürilmeginden soň Yrakda ýas yglan edildi. Ýewropa ýurtlary taraplara, asuda bolmaga çagyrdy. Awstriýa bolsa Eýran-ABŞ maslahatynyň geçirilmegini isleýär.

Deutsche Welle: Türkiýe Liwiýa esger ugratmaga başlady.

Focus.de: Tramp ABŞ-nyň esgerleriniň yza çekilmegi bilen bagly kararyna garşy Yragy sanksiýalar bilen gorkuzýar.

Zeit.online: Eýran ýadro ylalaşygynyň düzgünlerini mundan beýläk berjaý etmek islemeýär.

Le Figaro: Eýran meselesi: Makron Trampa doly jebislik içindediklerini beýan etdi.

Le Soir (Belgiýa): Eýran ýadro ylalaşygyndan ýüz öwürýär.

El Mundo (Ispaniýa): 2019-njy ýyl Meksikanyň ýakyn taryhyndaky iň ganly ýyl boldy: Prezident Lopez Obradoryň ilkinji ýylynyň hasabaty adam zamun almak we jenaýatlar taýdan ol diýen gowy däl.

El Pais (Ispaniýa): Pedro Sançez döwlet baştutany bolmak üçin gerek bolan sesleriň köplügine eýe bolup bilmedi.

Klarin (Argentina): Nikolas Maduro düýn ýekşenbe güni Wenesuelanyň Mejlisiniň başlygy Huan Guaýdony wezipesinden çetleşdirip, onuň ýerine Luis Parrany belledi. Ondan soň bolsa polisiýa işgärleri oppozisionerleriň Milli mejlise girmegine böwet berdi.

RIA Nowosti: Ýaponiýanyň harby hünärmeni, SSSR zamanynda öndürilen MIG-25 kysymly uçaryň dünýäniň iň çalt uçarydygyny belledi.

Gazeta.ru: Russiýanyň ýaşlar hokkeý ýygyndysy, Bütindünýä çempionatynyň final tutluşygynda Kanada ýeňildi.

Izwestiýa gazedi: Ukrainada aşa sagjy milletçileriň simwoly bolan Stepan Banderanyň heýkelini Russiýa serhediniň golaýyndaky bir şäherde oturdylmagyny teklip etdiler.



Degişli Habarlar