Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1334105
Daşary ýurt metbugatyna syn

Alshark Alawsat (Saud Arabystany-Britaniýa): Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan Iýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmani we Haşdi Şabi söweşijileriniň baş serkerdesiniň orunbasary Ebu Mehdi El-Mühendis, Yragyň paýtagty Bagdatda ABŞ tarapyndan guralan operasiýada öldürildi.

Alshark Alawsat (Saud Arabystany-Britaniýa): Süleýmaniniň öldürilmeginden soň nebitiň bahalary 4 göterimden gowrak artdy.

Watan (Oman): Geçen ýyl Ysraýyl tarapyndan öldürilen palestinalylaryň sany 149.

Tagesspiegel: Erdogan Liwiýa harby goşun ugradyp biler-sebäbi bolsa tebigy gaz gorlary.

Stuttgarter Nachrichten: Germaniýanyň serhedine 21 km alysda Afrika doňuz gyrgynyna gabat gelindi.

Zeit.online.de: Germaniýa; Germaniýadaky şahsy pul baýlyklary 7 göterim artdy.

Le Monde: Alžir: Prezident Diwany, düzümi köp üýtgemedik täze hökümetiň gurulandygyny habar berdi.

Le Parisien: Air France howaýollary kärhanasyna degişli 2 kärdeşler arkalaşygy işgärleri iş taşlaýyşa çagyrdy.

Le Figaro: Liwiýa, Ýewropanyň bosagasynda gözegçilikden çykan bir söweş.

La Wanguardia (Ispaniýa): ERJ, Pedro Sançeze hökümeti gurmak ýoluny açdy.

Infobae (Argentina): Dewalwasiýa we importdaky peseliş sebäpli, Argentina 2019-njy ýylda 17 ýylda ilkinji gezek Braziliýa bilen söwda balansy položitel görkezijilere eýe boldy.

El Espectador (Kolumbiýa): Meksikanyň paýtagty Mehiko Siti 2020-nji ýyla plastik torbalaryň gadagan edilmegi bilen başlady.

Russiýanyň lenta.ru habar portaly: Russiýa nebit önümçiligi boýunça rekorda tarap barýar.

Russiýanyň TASS habarlar agentligi: ‘Aeroflot’ 2019-njy ýylda dünýäniň iň punktual howaýollar kärhanasy hökmünde kabul edildi.

Russiýanyň Ria Nowosti habarlar agentligi: The National Interest, Russiýanyň deňiz pyýada goşunynyň dünýäniň iň gowy 5 deňiz pyýada goşunynyň arasyndadygyny belläp geçdi.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar