Daşary ýurt metbugatyna syn

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredýär

1328709
Daşary ýurt metbugatyna syn

Al Jazeera: Saud Arabystanynyň Kaşykçy jenaýaty bilen baglanşykly kararlaryna halkara derejede ret jogaby geldi we garaşsyz bir derňewiň geçirilmegi bilen bagly talap bildirildi.

Al Kuds Al Arabi: Bagdatda açlyk yglan edilip, protest geçirilýär we Yragyň günortasynda ýerleşýän möhüm nebit ýataklar we möhüm ýollar ýapyldy.

Al Shark Al Awsat: Saud Arabystany 18 ýaşdan kiçi çagalaryň öýlenmeklerini ýa-da durmuşa çykmaklaryny gadagan etdi.

El Pais, Ispaniýa: Argentinanyň And daglaryndaky magdan känlerinde sianidiň ulanylmagyna garşy  protest ýörüş geçirildi.

El Mundo, Ispaniýa: 2019-njy ýyl Meksikanyň ýakyn taryhynyň iň ganly ýyly boldy.

Prensa Latina, Kuba: Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew Kubanyň täze saýlanan Premýer ministri Manuel Marreri Kruzy gutlady.

Le Monde (Fransiýa): Hormatly dynç alyş bilen bagly reforma: Fransiýanyň hökümeti hristianlaryň Mukaddes dogulyş baýramynda hem protestleri duruzyp bilmedi.

Le Temps (Şweýsariýa): Jemal Kaşykçy jenaýaty: 5 adama ölüm jezasy.

Le Soir (Belgiýa): Terrorçylykly hüjümlerde zyýan çeken adamlar üçin Ýewropa ýardam merkezi dörediler.  

Russiýanyň Lenta.ru saýty: Ukraina we Donbass, ýylyň ahyryna çenli ýesirleriň ikitaraplaýyn häsýetde çalşygy barasynda ylalaşdylar.

Russiýanyň TASS habarlar agentligi: Russiýanyň Habarowsk sebitinde Su-57 kysymly uçar ýere gaçdy.

Russiýanyň Ria Nowosti habarlar agentligi: Kuril adalarynda saklanan ýapon balykçylaryň gaýyklary azat edildi.

DW: NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Russiýa bilen meseleleriň çözgüdi üçin dialogyň tarapdarydyklaryny belläp, oňyn şertleriň emele gelmegi halatynda Wladimir Putin bilen duşuşyp biljekdigini habar berdi.

Spiegel Online: Saud Arabystanynda Kaşykçy jenaýaty bilen bagly kazyýet işi boýunça 5 adama ölüm jezasynyň berilmegi barasynda karar kabul edildi.


Etiketkalar: #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar